Hytaýdaky «ölüm deňziniň» astynda ägirt uly suw gorlary tapyldy

Düýn, 19:304,094

Hytaýdaky Takla-Makan çölüniň aşagynda iki sany uly ýerasty suw çeşmesiniň bardygy mälim boldy. South China Morning Post neşiriniň habar bermegine görä, gözlegçiler tapylan suwuň ýurduň demirgazyk-günbatar sebitindäki ekerançylyk ýerlerini suwarmak we çölleşmä garşy göreşmek üçin ulanyljakdygyny aýdýar.

Bu çeşmeleriň üsti Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki sebitleýin geologiýa edarasy tarapyndan amala aşyrylýan suw serişdelerini gözlemek boýunça taslamanyň çäginde açyldy. Çeşmeleriň biri çölüň günorta gyrasynda, Minfen etrabynyň Andir şäherçesinde, ikinjisi bolsa Mazartag daglaryndan günortada, göni çölüň jümmüşinde ýüze çykaryldy. Ýeri gelende aýtsak, Takla-Makan çölüniň töweregindäki ýer-ýurt atlary, köplenç, türki dillerden gelip çykýar. Olar bu sebitde ýaşaýan uýgurlaryň we beýleki türki halklaryň taryhy, medeniýeti hem-de geografik aýratynlyklary bilen gönüden-göni baglydyr.

Barlagçylar tapylan suw gorlaryny ulanmak mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen ýörite synag bekedini gurdular. Bu çeşmeleriň suwunyň düzümindäki duz süýji suwdaka garanyňda köp, ýöne deňiz suwunyňka garanyňda bolsa azdyr. Alymlar ony Takla-Makan çölüniň gyralarynda ekerançylygy suwarmak we çölleşmä garşy göreşmek üçin amatly mümkinçilik hasaplaýar.

Şeýle hem barlagçylar duzly suwy duza durnukly bolan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ulanmak meselesini-de içgin öwrenýär. Geljekde bu çeşme beýleki zerurlyklar üçin, meselem, maglumat merkezlerini sowatmak üçin hem ulanylyp bilner, ýöne käbir ýagdaýlarda, ilki bilen, ony duzdan arassalamaly bolar.

Takla-Makan çölüniň meýdany, takmynan, 337 600 inedördül kilometre barabardyr – bu takmynan Germaniýanyň territoriýasyna deňdir. Süýşýän çägeleri we zabun howa şertleri sebäpli, ony «ölüm deňzi» diýip hem atlandyrýarlar.

Bu çölüň aşagyndan öňem ägirt uly ýerasty suw gorlary tapylypdy. 2015-nji ýylda alymlar göwrümi Demirgazyk Amerikadaky Beýik kölüň möçberinden bäş esseden hem gowrak geçýän ýerasty ummanyň bardygyny mälim edipdi.

2024-nji ýylda Takla-Makan çölüniň daş-töwereginde uzynlygy, takmynan, 3050 kilometre ýetýän ýaşyl guşagy döretmek işleri tamamlandy. Agaçlar, gyrymsy ösümlikler we gün panelleri çägäniň ýaýramagynyň öňüni almaga, çägeli tupanlaryň howpuny peseltmäge hem-de sebitdäki desgalary goramaga kömek etmelidir.