Italiýanyň asmanynda dörän üýtgeşik şekilli bulutlar adamlary geňirgendirdi

Düýn, 15:095,525
1 / 2

Sişenbe güni Italiýanyň Rejo-di-Kalabria şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üýtgeşik tebigy hadysanyň, ýagny tegelek gyzgylt bulutlaryň şaýady boldular.

Bu täsin görnüşe şaýat bolan adamlaryň wideo düşürip, sosial torlarda paýlaşmagy bilen, ol gysga wagtyň içinde köpçülige ýaýrady.

Aslynda, bular lentikulýar ýa-da linza şekilli bulutlardyr. Olar, köplenç, dag gerişleriniň golaýynda, howa tolkunlarynyň ýokary böleginde emele gelýär. Haçanda çygly howa ýokary galyp sowanda, onuň düzümindäki suw bugy goýalyp, bulutlary emele getirýär. Şeýle bulutlaryň döremegi üçin ýeliň durnukly bolmagy we howanyň dürli gatlaklarynda temperaturanyň belli bir derejede tapawutlanmagy ýaly şertler zerurdyr.

Lentikulýar bulutlar tekiz we tegelek görnüşi bilen tapawutlanyp, birnäçe gatlagy emele getirip bilýär. Şol sebäpden olar linzalary we uçýan näbelli enjamlary ýada salýar. Hatda güýçli ýelde hem olar hereketsiz duran ýaly görünýär.

Bu bulutlar adamlar üçin özbaşdak howp döretmeýär. Emma olaryň peýda bolmagy belentlikde bolup geçýän güýçli turbulentlikden habar berýär. Şonuň üçin hem bu hadysalar bilen awiasiýa pudagy aýratyn gyzyklanýar.

Kalabria ýaly daglyk we kenarýaka sebitlerde ýer üstüniň relýefiniň hem-de howa akymlarynyň utgaşmagy, şeýle bulutlaryň emele gelmegine amatly şert döredip biler.