ABŞ-da goşa kelleli kiçijik pyşbaga tapyldy

Düýn, 17:513,931
1 / 2

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Keýp-Kod ýarym adasyndaky Welflit şäherinde ýerleşýän goraghananyň çäginde iki kelleli romb şekilli terrapiniň çagasy tapyldy. Agramy bary-ýogy 5,2 gram bolan bu seýrek pyşbaga häzirki wagtda Cape Wildlife Center-iň hünärmenleriniň gözegçiliginde saklanýar.

Adaty bolmadyk pyşbaga çagasy goralýan höwürtgede tapyldy we Mass Audubon Wellfleet Bay Wildlife Sanctuary tebigat merkeziniň üsti bilen hünärmenlere tabşyryldy. Pyşbaganyň iki kellesi hem doly emele gelipdir. Şeýle seýrek ösüş näsazlygyna ylmy dilde «bisefaliýa» diýilýär.

Häzir pyşbaganyň ýagdaýy durnukly. Weterinarlar onuň iýmitlenişine, ösüşine we kelleleriniň hereketini näderejede sazlaşykly dolandyrýandygyna gözegçilik edýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, bisefaliýada içki agzalaryň gurluşy dürli-dürli bolup bilýär. Şonuň üçin haýwanyň uzak wagtlap ýaşap biljekdigini öňünden kesgitlemek mümkin däl.

Cape Wildlife Center-iň hünärmenleri şunuň ýaly adatdan daşary hadysa öňem duş gelipdiler. Muşa garamazdan, her bir ýagdaý seýrek hasaplanylýar we haýwanlaryň beden gurluşyny hem-de fiziologik aýratynlyklaryny has gowy öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Romb şekilli terrapinler Demirgazyk Amerikanyň Atlantik kenaryndaky şor suwly batgalyklarda we derýalaryň deňze guýýan ýerlerinde ýaşaýar. Massaçusets ştatynda olar goralýan görnüşleriň hataryna girýär.

Häzirki wagtda weterinarlar täsin pyşbaganyň ýagdaýyna gözegçilik etmegini dowam etdirýär we onuň iki kellesiniň bir beden bilen näderejede sazlaşykly işleýändigini öwrenýär.