Hindistanda alty ýaşly oglanjyk lotereýada Toyota Fortuner utdy

Şu gün, 11:134,196
1 / 2

Hindistanda alty ýaşly oglanjyk lotereýada bahasy 52 müň dollardan gowrak bolan Toyota Fortuner kysymly ýolsuzlyk awtoulagyny utdy. Bu barada «NDTV» teleýaýlymy habar berdi.

«Madhýa-Pradeş ştatynyň Burhanpur şäherinden bolan alty ýaşly oglanjyk, enesi bary-ýogy 200 rupiýa kupon satyn alandan soň, Toyota Fortuner awtomobilini utdy» diýlip, habarda aýdylýar.

Oglanjygyň enesi bu kupony bir ýyl mundan öň satyn alyp, utuşa gatnaşyjylaryň arasynda agtygy Medanş Raýkwaryň adyny ýazdyrypdyr. Teleýaýlymyň maglumatyna görä, oglanjygyň maşgalasy eýýäm köp wagtdan bäri hususy awtomobili edinmegiň arzuwynda eken.

Bu ýeňşi ýerli ýaşaýjylar hem dabaraly belledi. Olar Medanşy deprek sesleri bilen garşyladylar. Awtomobili alandan soň, maşgala puja — induistik hudaýlara sežde etmek dessuryny geçirdi.

Toyota Fortuner özüniň berk gurluşy, haýbatly daşky keşbi we ygtybarlylygy bilen belli bolan 7 orunlyk ýolsuzlyk awtoulagydyr. Ol doly çekiji ulgamy (4x4), ýerden beýikligi we dürli sürüş režimleri arkaly ýoldaky päsgelçiliklerden aňsatlyk bilen geçýär. Salonda deri kürsüler, 8 dýuýmlyk duýgur ekran, simsiz zarýad beriji, töwerekleýin syn ediş kamerasy we Toyota Safety Sense howpsuzlyk toplumy bar. Bu model 2,7 litrlik benzin we 2,8 litrlik dizel hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylýar, şeýle-de ol mehaniki we awtomatik geçiriş gutulary bilen elýeterlidir.