Toyota kürsülerdäki näsazlyk sebäpli 228 müňden gowrak Sienna-ny yzyna çagyrýar

Şu gün, 14:051,278
1 / 2

Toyota kürsülerindäki ýüze çykyp biläýjek näsazlyk sebäpli, ABŞ-da 228 367 awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Reuters habarlar gullugynyň ABŞ-nyň Milli awtomobil ýollaryndaky hereket howpsuzlygy edarasynyň (NHTSA) maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, bu çäre 2022–2026-njy ýyllarda öndürilen Toyota Sienna kysymly gibrid miniwenlere degişlidir.

Awtoulag alyn tarapdan çaknyşan ýagdaýynda, kürsüleriň arkalary ýüze çykýan güýçli agramyň täsiri bilen gulpundan ýazyp biler. Bu bolsa ýolagçylaryň şikeslenme howpuny ýokarlandyrýar.

Dilerler zerur abatlaýyş işlerini mugt geçirerler. Gerek bolan ýagdaýynda näsaz gurluş böleklerini-de çalşarlar.

Mundan bir ýyl ozal hem Toyota kürsüler bilen bagly başga bir näsazlyk sebäpli Sienna kysymly gibrid awtoulaglaryny yzyna çagyrypdy. Şonda bu çäre ABŞ-da 54 631 awtoulagy öz içine alypdy. Näsazlyk ikinji hatardaky kürsüleriň ugrukdyryjy relsleriniň karkasy bilen bagly bolup, ol hem ulag hadysasy ýüze çykan ýagdaýynda howp döretmäge ukyplydy.