Toyota ýer bilen aralygy has artdyrylan Grand Highlander krossowerini tanyşdyrdy

Şu gün, 12:301,380
1 / 10

Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazary üçin 2027-nji model ýylyna niýetlenen üç hatar kürsüli Grand Highlander krossowerini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy täzeligi ýolsuzlyk şertlerinde-de sürmäge niýetlenen Woodland Edition görnüşidir. Onuň başlangyç bahasy 48 780 dollar.

Täze görnüşiň ýerden beýikligi has uzyn pružinleriň we ýolsuzlyk şertlerine niýetlenen tigirleriň ulanylmagy netijesinde 12,7 millimetr artdyryldy. Tigirler gara reňkli, ýalpyldamaýan 18 dýuýmlyk disklere oturdyldy.

Woodland Edition görnüşinde ikinji hatardaky kürsüleriň arasyndaky dolandyryş bölüminde aýryp bolýan sowadyjy guty, ähli howa şertlerine niýetlenen halyçalar, tirkeg dakylýan enjam, palçykdan goraýjy ganatlar, dumana garşy LED çyralary we rul gyzdyryjysy bar. Şeýle hem awtoulagda 1500 wat kuwwatlygy bolan 120 woltluk elektrik rozetkasy we gara reňkli daşky bezeg bölekleri ýerleşdirildi.

2027-nji model ýylyna degişli Grand Highlander awtoulaglarynyň hereketlendirijileri öňküligine galdyryldy. Alyjylara 265 at güýjüne eýe bolan 2,4 litrlik benzinli turbohereketlendiriji, 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda döredilen 245 at güýji bolan gibrid ulgam hem-de umumy kuwwaty 362 at güýjüne deň bolan Hybrid MAX gibrid ulgamy hödürlenýär.

Woodland Edition görnüşi diňe 245 at güýjüni öndürýän gibrid ulgam we doly hereketlendiriji bilen üpjün edilen.

2027-nji model ýylyna degişli ähli Grand Highlander awtoulaglaryna Toyota Safety Sense 3.0 howpsuzlyk ulgamlary toplumy, 12,3 dýuýmlyk ekranly maglumat-güýmenje ulgamy, smartfonlary simsiz zarýadlamak mümkinçiligi, üç zolakly howa sazlaýjy ulgam we ýedi sany USB-C birikdirijisi oturdylar.

Has kämil enjamlaşdyrylan Limited we Platinum görnüşlerinde sanly gurallar paneli hem-de 11 sany ses çykaryjysy bolan JBL ses ulgamy hem bar. Alynky aýnanyň ýüzüne maglumatlary düşürýän displeý bolsa diňe Platinum görnüşinde hödürlenýär.

Täze awtoulaglar şu ýylyň ahyryna çenli ABŞ-daky dilerlere ýetirilip başlanar.