Nissan ýatalgaly krossowere sargyt kabul edip başlady

Düýn, 19:353,126
1 / 14

Dongfeng Nissan bilelikdäki kärhanasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze orta ölçegli NX7 krossowerine öňünden sargyt kabul edip başlady. Awtoulagyň bahasy 129 900 ýuandan başlaýar we 149 900 ýuana (takmynan, 18 300–21 100 dollar) çenli ýetýär.

NX7 Nissan kompaniýasynyň täze AI Cloud-Power platformasynda öndürildi. Awtoulagyň uzynlygy 4785 mm, ini 1920 mm, beýikligi 1660 mm, tigirara uzaklygy bolsa 2815 mm-e deňdir.

Awtoulagyň güýç ulgamy daşky çeşmeden zarýad alyp bilýän gibrid görnüşde bolup, ol 1,5 litrlik tebigy usulda işleýän hereketlendirijiden we kuwwaty 228 at güýjüne deň bolan elektrik hereketlendirijisinden ybarat. Iki görnüşde-de CATL kompaniýasynyň 40,9 kWt/sag kuwwatly akkumulýatory oturdylan.

Awtoulag arassa elektrik energiýasyny sarp etmek bilen CLTC hytaý ölçeg usuly boýunça 320 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Bu görkeziji WLTP ölçeg usuly boýunça, takmynan, 259 kilometre deňdir. Iki hereketlendiriji bilelikde ulanylanda bolsa, bir gezeklik guýlan ýangyç we zarýad CLTC ölçegi boýunça 1666 kilometre ýetýär. WLTP boýunça bu görkeziji tas 1349 kilometre deňdir.

Awtoulagyň salonynda 17,3 dýuýmlyk merkezi ekran, doly sanly dolandyryş paneli we 55 dýuýmlyk maglumat ekrany ýerleşdirilipdir. Nissan OS 3.0 multimedia ulgamy Qualcomm Snapdragon 8295P çipiniň esasynda işleýär. Şeýle-de onda ses arkaly dolandyryş, ýüz tanamak we sürüjiniň islegine görä sazlamalary ýatda saklamak ýaly funksiýalar bar.

Ähli kürsüler ýyladyş, howa çalşygy we 12 nokatly owkalama ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan. Awtoulagyň tapawutly tarapy onuň öňki kürsülerini doly ýazyp, ýatalga hökmünde ulanyp bolýanlygydyr.

Mundan başga-da, awtoulagyň içinde göwrümi 6,33 litrlik sowadyjy hem bar.