BYD iki gapyly ykjam awtoulagy patentledi

Şu gün, 14:58894
1 / 2

BYD kompaniýasy daşky görnüşi Smart Fortwo awtoulagyny ýatladýan, iki gapyly ykjam ulagyň dizaýnyna patent aldy. «CarNewsChina» neşiriniň habar bermegine görä, täze modeliň daşky keşbiniň üstünde ozal Audi Group kompaniýasynyň dizaýn bölüminiň ýolbaşçysy bolan, BYD-niň baş dizaýneri Wolfgang Eggeriň baştutanlygyndaky topar işledi.

Patent suratlaryndan görnüşi ýaly, mikrokaryň kuzowy togalagrak şekilde bolup, öň we yz tarapdaky çykyp duran bölekleri gysga, tigirleri bolsa kuzowyň burçlaryna mümkin boldugyça ýakyn ýerleşdirilipdir. Öň tarapynda adaty radiator gözeneginiň ýerine giň, kese ýagtylyk zolagy oturdylypdyr. Yşyklandyryş elementleri we kuzowyň egri çyzyklary awtoulagyň öň hem-de yz böleklerine üýtgeşik «ýylgyryp» duran ýaly görnüş berýär.

Awtoulagyň uly gapylary kuzowyň böwrüniň ep-esli bölegini tutýar. Ýerden beýikliginiň pes bolmagy bolsa, onuň şäher içinde hereket etmek üçin niýetlenendigini görkezýär.

Häzirlikçe ulagyň tehniki aýratynlyklary barada maglumat ýok. BYD onuň ölçeglerini, kürsüleriniň sanyny, hereketlendirijisini ýa-da bir gezekki zarýad bilen geçýän araçägini mälim etmedi. Şeýle hem kompaniýa bu modeli köpçülikleýin öndürmek meýliniň bardygyny tassyklamady.

Taslama önümçilige goýberilse, ol BYD-niň aşa ykjam şäher awtoulaglarynyň segmentindäki täze modeli bolup biler. Häzirki wagtda kompaniýanyň Hytaý bazaryndaky iň kiçi modeli Seagull hetçbekidir. Emma modeliň täze nesliniň çykmagy bilen onuň ölçegleri hem biraz ulaldy.