Mercedes-Benz kompaniýasynyň amerikan bölümi ýekeje nusgada döredilen MANUFAKTUR Made to Measure Mercedes-AMG SL 55 kabrioletini hödürledi. Awtomobil «FAGE WTA Finals 2026» tennis ýaryşynyň ýeňijisi üçin resmi baýrak hökmünde taýýarlandy.
Awtomobiliň daşky görnüşi Zenanlar tennis assosiasiýasynyň (WTA) hususy palitrasyndan ylham alnyp döredildi. Onuň gabarasy «MANUFAKTUR Ultraviolet» reňkine boýaldy we 21 dýuýmlyk «AMG Cross-Spoke» süýme diskleri bilen üpjün edildi. Salonda «Crystal White» öwüşginli ak reňkdäki «MANUFAKTUR Nappa» derisi we «AMG Carbon Fiber» karbon bezeg elementleri ulanyldy.
Ýörite bezeg bölekleriniň arasynda bosagalar üçin ýörite goşundylar, kelle goýulýan ýerlerde nagyşlar we geljekki ýeňijiniň ady oýulyp ýazyljak ýörite tablisajyk bar.

Mercedes-Benz kompaniýasynyň sanly tehnologiýalar, aragatnaşyk we maýadarlar bilen işleşmek boýunça wise-prezidenti Kristina Şenkiň bellemegine görä, bu awtomobil çempionyň özboluşlylygyny görkezmäge niýetlenendir.
MBUSA-nyň metbugat beýanatynda ýörite taýýarlanan ulagyň güýç gurluşynyň häsiýetnamalary açylyp görkezilmeýär. Adaty Mercedes-AMG SL 55 476 at güýjüne we 700 N/m aýlaw pursadyna eýe bolan 4.0 litrlik biturbirlenen V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. 97 km/sag tizlige ýetmek 3,8 sekunt wagt alýar.
Mercedes-Benz 2026-njy ýyl möwsüminden başlap, WTA-nyň eksklýuziw awtoulag hyzmatdaşydyr.