Audi kompaniýasy täze Nuvolari superkaryna, salgytlary we eltip bermek üçin çykdajylary hasaba almazdan, 700 müň dollar diýip baha kesdi. R8 modeliniň mirasdüşeri hasaplanýan bu awtoulag barada biz şu ýylyň tomsunda hem habar beripdik.
Nuvolari iki turboly V8 we üç sany elektrik hereketlendirijisine daýanýan, umumy kuwwaty 1000 at güýjünden hem ýokary bolan gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyryldy. Awtoulag karbon süýümi bilen örtülen Audi Space Frame giňişlik ramasynyň esasynda guruldy. Şeýle-de model doly hereketlendiriji ulgam bilen üpjün edildi.

Awtoulaglar müşderilere 2028-nji ýylyň birinji ýarymyndan gowşurylyp başlanar.
Audi bu modeliň jemi 499 sany nusgasyny öndürmegi göz öňünde tutýar. Olaryň 182-si ABŞ-nyň bazary üçin niýetlenendir. Awtoulag açyk satuwa çykarylmaz. Çünki kompaniýa alyjylary Audi markasyny kolleksiýa edijileriň hem-de aýratyn RS we R8 modelleriniň eýeleriniň arasyndan özi saýlady. Pudaklaýyn neşirleriň maglumatlaryna görä, öndüriljek awtoulaglaryň ählisi eýýäm öz eýelerini tapypdyr.