BYD kompaniýasy Land Rover Defender-iň dizaýnyny göçürmekde aýyplanýar

Şu gün, 16:472,081
1 / 4

Hytaýyň BYD kompaniýasynyň Niderlandlardaky edaralarynda Jaguar Land Rover (JLR) kompaniýasy bilen dowam edýän kazyýet işi bilen baglylykda barlag geçirildi. Beýik Britaniýanyň awtoulag öndürijisi BYD Ti7 kysymly krossoweriň Land Rover Defender ulagynyň intellektual eýeçilik hukuklaryny bozýandygyny öňe sürýär.

CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň awgust aýynda kazyýetiň bellän hünärmenleri BYD kompaniýasynyň Shidam we Hofdorp şäherlerindäki edaralaryndan sanly resminamalary alypdyrlar. Şundan ugur alyp, JLR hytaý kompaniýasyna Defender ulagyny söküp, onuň gurluşyny we tehnologiýalaryny öwrenmek arkaly öz BYD Ti7 modelinde käbir çözgütleri gaýtalandygyna şübhe bildirilýär.

Bu iş boýunça deslapky kazyýet diňlenişigi 11-nji noýabrda Gaaga şäherinde geçiriler. Häzirki wagta çenli JLR hem, BYD hem bu mesele barada resmi düşündiriş bermedi. Intellektual eýeçilik hukuklarynyň hakykatdan-da bozulandygy entek anyklanylmady.

Ti7 modeli ilkinji gezek 2025-nji ýylyň sentýabrynda Hytaý bazarynda Fang Cheng Bao markasynyň esasynda Bao 7 ady bilen satuwa çykarylypdy. Soňra modeliň ady Tai 7 diýlip üýtgedildi. Burçly kuzowy, dik öň tarapy, dörtburç tigir arkalary we yzky bagaž bölümi bolan ulagyň daşky görnüşi birnäçe gezek Land Rover Defender bilen deňeşdirildi.

Ti7-niň Hytaý bazaryna çykarylan görnüşiniň uzynlygy 4 999 mm, ini 1 995 mm, beýikligi 1 865 mm, tigirleriniň arasyndaky uzaklyk bolsa 2 920 mm bolup, ol bäş ýolagça niýetlenendir. Ýewropa bazaryna çykarylýan görnüşinde bolsa ýedi orun bar. BYD-niň maglumatyna görä, yzky ätiýaçlyk tigiri bilen bilelikde Defender ulagynyň uzynlygy 5 146 mm-e ýetýär.

Ti7 modeli 1,5 litrlik turbo hereketlendiriji we elektrik hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol öňki ýa-da doly dolandyrylýan görnüşlerde hödürlenýär. 2026-njy ýylyň aprelinde BYD Hytaýda bu modeliň bütinleý elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini hem tanyşdyrdy. Onuň CLTC ölçeg usuly boýunça bir gezeklik zarýad bilen geçip bilýän aralygy 755 kilometre deňdir.

Bu JLR kompaniýasynyň hytaý awtoulag öndürijisi bilen dizaýn meselesinde ilkinji jetleşigi däl. 2019-njy ýylda britan kompaniýasy Jiangling Motor Corporation bilen bagly kazyýet işinde hem ýeňiş gazanypdy. Jedel Landwind X7 modeli sebäpli döräpdi. Ýöne, diýseň-diýmeseň, gürrüňi edilýän ulagyň daşky görnüşi Range Rover Evoque modeline örän meňzeýärdi.