Hytaýyň MTPeak kompaniýasy Milanda geçirilen sergide dört silindrli hereketlendirijisi bolan üýtgeşik GTSport üç tigirli ulagyny tanyşdyrdy. Bu barada Autoevolution neşiri habar berýär.
Chongqing Guangyu Motorcycle konserniniň düzümine girýän kompaniýa bu modeli 2027-nji ýylda köpçülikleýin öndürip başlamagy we Ýewropa hem-de ABŞ bazarlaryna çykarmagy meýilleşdirýär.
Milanda ulagyň hereket edýän nusgasy görkezilse-de, onuň işlenip düzülişi henizem dowam edýär. Hususan-da, gaýygyň dolandyryş bölegini ýatladýan we aýryp bolýan rul bilen enjamlaşdyrylan salonyň bezegi entek doly tamamlanmandyr. GTSport-uň uzynlygy 3,4 metre, tigirleriniň oklarynyň arasyndaky uzaklyk bolsa 2 540 millimetre deňdir.

Üç tigirli ulag awtomobillerde ulanylýan hrom-molibden poladyndan ýasalan giňişlik ramasynda gurlupdyr. Kuzow panelleri bolsa karbondan taýýarlanypdyr. Ulagyň üçegi we gapylary ýok. Kuzowyň käbir bölekleri, şol sanda tirseklikler, bir wagtyň özünde salonyň hem bölegi bolup hyzmat edýär.

GTSport 224 at güýjüne we iň ýokary 385 Nm çekijilige eýe bolan 2,0 litrlik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Ol yza hereket etmek üçin geçirijisi bolan dokuz basgançakly awtomatik transmissiýa bilen utgaşýar. Agramy 600 kilogram bolan ulagyň her tonnasyna, takmynan, 370 at güýji düşýär. Ulagyň iň ýokary tizligi 180 km/sag. Tormoz ulgamy karbon-keramiki mehanizmler bilen üpjün edilen.
Modeliň bahasy häzirlikçe mälim edilmedi. MTPeak kompaniýasy GTSport-uň bary-ýogy 100 nusgasyny öndürmegi meýilleşdirýär. Olaryň hersini alyjynyň islegine görä aýratyn bezemek we enjamlaşdyrmak mümkin bolar. Geljekde modeliň elektrik hereketlendirijili görnüşini hem çykarmak göz öňünde tutulýar.