GTA VI oýnundaky awtoulagyň hakyky nusgasy 1,33 million dollara satylýar

Düýn, 20:352,090
1 / 2

Londonda Grand Theft Auto VI (GTA VI) oýnundaky awtoulagyň esasynda döredilen Grotti Cheetah sportkary satuwa çykaryldy. Awtoulagyň bahasy 1 million funt sterlinge (takmynan, 1,33 million dollar) deňdir.

Awtoulagy ABŞ-nyň West Coast Customs týuning ussahanasy GTA oýunlar tapgyryny işläp düzen Rockstar Games kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlady. Modeliň esasy hökmünde «Maýami polisiýasy» («Miami Vice») teleserialy arkaly giňden tanalan Ferrari Testarossa ulanyldy.

Häzirki wagtda awtoulag Londondaky «Selfridges» dükanynda görkezilýär. Ol oktýabr aýynda we noýabryň başynda Maýamide geçirilen mahabat kampaniýasyna hem gatnaşdy. Şol çäräniň çäklerinde oýundaky awtoulaglaryň esasynda döredilen beýleki modeller hem görkezildi.

GTA VI oýnunyň 19-njy noýabrda PlayStation 5 we Xbox Series X|S platformalary üçin çykarylmagy meýilleşdirilýär. Sensor Tower kompaniýasynyň maglumatyna görä, oýna öňünden berlen sargytlaryň sany eýýäm 9,69 million nusgadan geçdi. Şeýlelikde, GTA VI eýýäm resmi taýdan satuwa çykarylmazyndan ozal işläp düzüjilere, takmynan, 942 million dollar girdeji getirdi.