«FAW Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda 2027-nji model ýylyna degişli täzelenen «Toyota Crown» sedanlarynyň satuwyna başlady. Awtoulag ýerli bazara doly import edilen model hökmünde getirilýär.
Awtoulaga 299 müňden 354 müň ýuana çenli (takmynan, 44,8–53,1 müň dollar) aralykda baha kesilýär.
Uzynlygy bäş metre barabar bolan sedan öň hereketlendirijili we yzky tigirleri hereketlendirýän TNGA-L platformasynda gurlupdyr. Awtoulagyň ölçegleri 5030 × 1890 × 1480 mm-e, tigir binýady bolsa 3000 mm-e deň.
Model 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda döredilen gibrid güýç ulgamyna eýe bolup, ol 185 at güýjüni we 225 Nm aýlaw pursadyny üpjün edýär. Awtoulag 100 km/sag tizlige 8,6 sekuntda çykyp bilýär.

Salonda yzky ýolagçylar üçin owkalama, ýyladyş we howa çalşygy funksiýalary bolan kürsüler, 64 reňkli yşyklandyryş hem-de işjeň ses basyş ulgamy göz öňünde tutulypdyr. Awtoulagyň ähli wersiýasynyň gapdal aýnalarynda ýörite Crown nyşanlary ýerleşdirilipdir. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan «Zhizun» toplumynda bolsa iki reňkli kuzow hem hödürlenýär.

Elektron ulgamlary sürüjä ýardam edýän 18 funksiýany öz içine alýar. Olaryň arasynda adaptasiýaly kruiz-kontrol, çaknyşygyň öňüni alýan awtomatik ulgam we hereket zolagyndan çykmagyň öňüni almaga kömek edýän funksiýa bar. Ýokary derejeli wersiýada awtoulagy uzak aralykdan duralga goýmak, sanly açar, ýüz tanamak we oturdylan «WeChat» programmasy ýaly mümkinçilikler elýeterlidir.