Türkiýedäki metallurgiýa zawodynda bolan heläkçilik adam pidalaryna getirdi

Şu gün, 07:297,899
1 / 4

Türkiýäniň Izmir welaýatyndaky Habaş metallurgiýa zawodynda bolan partlama zerarly 16 adam heläk boldy, ýene 13 adam şikes aldy. Bu barada 9-njy noýabrda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi diýip, CNN Türk teleýaýlymynda aýdylýar.

Häkimiýetleriň maglumatyna görä, partlama ýerli wagt bilen sagat 11:46-da (Aşgabat wagty bilen 13:46-da) bolup geçdi. Betbagtçylyk gazany çalyşmak işleri alnyp barylýan mahaly köpri görnüşli kranyň ýykylmagy netijesinde ýüze çykdy. Ýykylan kranyň bölekleri we beýleki materiallar elektrik dugaly peje gaçyp, gaz geçiriji turba zeper ýetirdi. Munuň netijesinde polat eredilýän sehde partlama boldy. Zawodda ýangyn döredi.

Bejeriş işleri sebäpli zawodda önümçilik wagtlaýyn togtadylypdy. Şonuň üçin partlama wagtynda kärhanada ilkibada çaklanylyşy ýaly 300 däl-de, 200 adam işläp ýören eken.