Demirgazyk Kipriň kenarlarynda 267 ýolagçyly gämi agdaryldy

Şu gün, 01:254,889
1 / 3

2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda, ýekşenbe güni Demirgazyk Kipriň kenarlarynda içinde 267 adam (259 ýolagçy we 8 ekipaž agzasy) bolan ýolagçy gämisi agyp, deňze batdy.

Häkimiýetleriň soňky maglumatlaryna görä, heläk bolanlaryň sany 8-e ýetdi, ýene 23 adamyň ykbaly bolsa häzirlikçe nämälimligine galýar.

«Filo Denizcilik» gämi gatnaw kompaniýasyna degişli bolan Filo Jet katamaran gämisi Girne şäheriniň portundan Türkiýäniň Taşuju portuna barmalydy.

Gämi Ortaýer deňzinde, Girne kenaryndan, takmynan, 2–2,5 kilometr uzaklykda agdaryldy. Ol dolulygyna suwa çümüp, 514 m çuňluga batypdyr.

Gäminiň kapitany onuň burnuna suwuň çaltlyk bilen dolup başlandygyny görüp, gämini tizjek yzyna öwrüp, porta gaýtarmaga synanyşypdyr, emma gämi dessine suwdan dolup, deňagramlylygyny ýitirýär we netijede agdarylýar. Halys ediş toparlary duýduryş baranyndan 15-20 soň kömege ýetişipdir.

Dereksiz ýitenleriň gözlegi hem-de gäminiň batmagy bilen bagly derňew işleri dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.