Dubaý şäherindäki Dubai Gold District mähellesinde dünýäde ilkinji gezek 24 karat altyn düşelen pyýada ýodanyň eýýäm şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Emirates 24/7 neşiri etrabyň söwda bölüminiň uly direktory Raşid al-Harmudä salgylanyp habar berýär.
Taslamanyň wekili bu ýodanyň Dubaýyň syýahatçylyk we dünýäde altyn söwdasynyň esasy merkezleriniň biri hökmünde abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy. Myhmanlar altyn ýodanyň üstünde gezmeläp biler. Şeýle-de bu ýerde Ýakyn Gündogarda altyn we şaý-sep söwdasyna bagyşlanan iň uly sergini geçirmek meýilleşdirilýär.
Dubai Gold District mähellesinde işjeňlik barha artýar. Şu ýylyň başyndan bäri bu ýerdäki altyn söwdasy bilen meşgullanýan lomaý söwda ofisleriniň sany 20%, altyn, bezeg şaýlary, gymmatbaha daşlary hem-de kaşaň sagatlary satýan täze dükanlaryň sany bolsa 15% köpelipdir.
Raşid al-Harmudiniň çaklamagyna görä, geljek ýylyň dowamynda bu etraba göçüp gelýän kompaniýalaryň sany 10–20% artar. Ösüş meýilnamasynyň çäginde täze ofisleri we söwda nokatlaryny gurmak hem göz öňünde tutulýar.