Bloomberg: Milliarderler gozgalmaýan emlägi Londona garanyňda, Dubaýdan has ýygy satyn alyp başladylar

07.04.2023, 07:3722,795

Baý adamlar  gozgalmaýan emlägi, köplenç, Londondan däl-de, Dubaýdan satyn almagy makul bilýärler diýip,  Bloomberg iňlis paýtagtyndaky gozgalmaýan emläk agentlikleriniň biriniň ýolbaşçysynyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Makalada rieltor müşderileriň biri, ýagny ady agzalmaýan milliarder bilen geçiren söhbetdeşliginiň jikme-jikliklerinden mysal getirýär. Belgrawiýadaky öýüni (Londonyň taryhy merkezindäki sebit) satýar. "London gutardy" diýip, milliarder rieltora aýdypdyr.
Eýesi öz öýüne 28 million ýewro diýip baha kesýär, ýöne rieltoryň pikiriçe, bu mukdar gaty köp, aslynda takmynan 20 million ýewro bolmaly. Millioner puluň özi üçin möhüm däldigini aýdýar.
Rieltor gozgalmaýan emläk ugrundan Knight Frank maslahat beriş geňeşiniň hasabatyna salgylanyp, Londonyň kaşaň gozgalmaýan emläk bazarynyň soňky bir ýylda diňe 1,5%, Nýu-Ýorkda - 2,7%, Dubaýda bolsa 44% ösendigini belleýär. Gozgalmaýan emläk agenti milliarderiň salgyt tölemek islemeýändigi sebäpli, müşderisiniň Dubaýy saýlandygyny görkezýär.
Iňlis kanunlaryna görä, raýatyň daşary ýurtda hemişelik ýaşaýan ýeri bolsa, daşary ýurtdaky girdejisine salgyt tölemän biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.