Dubaýda taýýar kwartiralaryň satuwynyň umumy möçberi oktýabr aýynda 5,28 mlrd BAE dirhemine (1,44 mlrd ABŞ dollaryna) ýetdi. Bu görkeziji sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 25,7% ýokarlandy. «Arabian Business» neşiriniň emirligiň Ýer serişdeleri depar-tamentiniň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, bu 2026-njy ýylyň fewral aýyndan bäri hasaba alnan iň ýokary aýlyk görkezijidir.
Oktýabr aýynda Dubaýda taýýar kwartiralaryň 2 988-isi satyldy. Bu sentýabr aýyndaky görkezijiden 22,6% köpdür. Sentýabrda umumy bahasy 4,2 mlrd dirheme (1,14 mlrd dollar) barabar bolan 2 437 sany geleşik hasaba alnypdy. Geleşikleriň sany we umumy bahasy boýunça oktýabr aýy ýylyň ilkinji on aýynyň arasynda üçünji orny eýeledi. Ýanwar we fewral aýlarynda bolsa has ýokary görkezijiler hasaba alnypdy.
Taýýar kwartiralaryň paýyna ýaşaýyş jaý emläkleri boýunça baglaşylan geleşikleriň umumy bahasynyň 36,9%-i, taýýar we gurluşygy dowam edýän kwartiralary öz içine alýan ähli geleşikleriň bolsa 34,3%-i düşdi.
Kwartiralaryň sany boýunça iň köp satuw Jumeirah Village Circle (JVC) etrapçasynda hasaba alyndy. Bu ýerde umumy bahasy 364,8 million dirheme (99,3 mln dollar) barabar bolan 384 kwartira satyldy. Iň köp girdeji gazanan etraplaryň arasynda Business Bay öňdeligi eýeledi. Bu ýerde 237 geleşik baglaşylyp, olaryň umumy bahasy 448,6 mln dirheme (122,1 min dollar) ýetdi.
Iň köp satuwyň amala aşyrylan ilkinji bäşligine Liwan (192 mln dirhemlik 187 geleşik), International City Phase 1 (58,2 mln dirhemlik 129 geleşik) we Dubai Marina (338,6 mln dirhemlik 123 geleşik) hem girdi.
Gymmat bahaly ýaşaýyş jaýlary bazarynda oktýabr aýynda her biriniň bahasy 10 million dirhemden (2,72 mln dollar) ýokary bolan 44 sany taýýar kwartira satyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 700 mln dirheme (190,6 mln dollar) deň boldy.
Şu girdejiniň tas ýarysy Palm Jumeirah etrapçasynyň paýyna düşdi. Bu ýerde umumy bahasy 343,9 mln dirheme (93,6 mln dollar) barabar bolan 18 geleşik baglaşyldy. Şeýle hem aýyň iň gymmat iki kwartirasy hut şu etrapda satyldy. Olaryň bahasy, degişlilikde, 55 mln we 53,7 million dirheme (takmynan 15 mln we 14,6 mln dollar) deň boldy.