«Arkadagyň ruhy metjidiniň» baş ymamy Tatarystana sapary amala aşyrdy

Düýn, 18:187,601
1 / 8

2026-njy ýylyň 29-30-njy oktýabry günlerinde «Arkadagyň ruhy metjidiniň» baş ymamy, metjidiň ýanyndaky medresäniň rektory Ýalkap Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tatarystan Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Ilçihanasy habar berýär.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän gadymy Bolgar şäherine baryp gördi. Bu ýerde Bolgar yslam akademiýasynyň hem-de Bolgar şäheriniň Ak metjidiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar guralyp, olaryň dowamynda din diňleýjilerini we talyplary okatmak boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýetine okuw işini guramagyň, okuw meýilnamasyny ýöretmegiň amaly gurallary, şeýle hem başlangyç dersleri saýlap almagyň ulgamy we dini ylymlary okatmagyň usulyýeti tanyşdyryldy.

Taraplar yslam bilim ulgamynda tejribe alyşmagyň wajypdygyny nygtap, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp düzmek, gadymy yslam golýazmalaryny hem-de ylmy işleri öwrenmek, dikeltmek we terjime etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Saparyň çäginde wekiliýet Kazanyň «Muhammadiýa» medresesine baryp gördi, ol ýerde Ýalkap Hojagulyýew Tatarystanyň Musulmanlaryň ruhy edarasynyň başlygy Kamil Samigullin bilen duşuşdy. Taraplar geljekki akademiki gatnaşyklaryň görnüşini, şol sanda täze okuw edarasynyň mugallymlary we halypalary üçin önümçilik tejribeliklerini geçirmek mümkinçiligini öwrendi.

Ýalkap Hojagulyýew Tatarystanyň musulman taryhy-medeni mirasyny saklap galmakda uly tejribesiniň bardygyny belläp, Musulmanlaryň ruhy edarasynyň ýolbaşçylaryna mähirli kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.