Türkiýäniň Hajettepe uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentine hormatly doktor derejesini berdi

Şu gün, 07:282,153
1 / 3

Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy. Bu ýokary okuw mekdebinde döwlet Baştutanyna «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktory» derejesini bermek dabarasy geçirildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Dabarada uniwersitetiň prorektory çykyş edip, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň degişli kararyny okady. Kararda bellenilişi ýaly, bu abraýly akademiki dereje Türkmenistanyň Prezidentine hemişelik Bitaraplyk syýasatyny BMG derejesinde parahatçylygyň we Öňüni alyş diplomatiýasynyň işjeň guralyna öwrendigi, Hereketleriň Awaza Maksatnamasy ýaly ählumumy özara baglanyşyk we sebit hyzmatdaşlygy boýunça giň möçberli başlangyçlara ýolbaşçylyk edendigi, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ykdysady, durmuş, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly goşandy hem-de görkezen berk syýasy erki we goldawy üçin berildi.

Soňra uniwersitetiň rektory Mehmet Jahit Güran gutlag sözi bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň Prezidentine degişli diplomy gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Hajettepe uniwersitetiniň rektoryna, Senatynyň agzalaryna we professor-mugallymlaryna minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutany bu hormatly ady diňe bir özüne berlen sylag hökmünde däl, eýsem Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ösdürmek, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan syýasatyna berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belläp, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmagyň we akademik alyş-çalyşlary ýola goýmagyň möhüm wezipelerdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleri bilen Hajettepe uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi makul hasaplaýandygyny bildirdi hem-de türkmen-türk dostlukly gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykmagyny, doganlyk türk halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.