Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary Ankara şäherinde geçirilen türki dünýäsiniň sungat ussatlarynyň konsertine baryp gördi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi sahypasynda habar berilýär.
Konsert maksatnamasyna «Türki dünýäsi» ansamblynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň simfonik orkestriniň ýerine ýetirmeginde gurama gatnaşýan ýurtlaryň saýlama eserleri girizildi.
Dabaranyň dowamynda myhmanlar türki döwletleriň milli tanslaryna hem tomaşa etdi. Mundan başga-da, konsertde meşhur türk aýdymçysy Kyraç we Gazagystanyň halk artisti Dimaş Kudaýbergen çykyş etdi.
Ýatlap geçsek, Türkmenistan TDG-niň işine synçy ýurt hökmünde gatnaşýar.