2027-nji ýylyň ýanwarynda Mina-Zaýed mähellesinde Abu-Dabiniň Ýaşlar orkestriniň täze merkezi açylar. Bu barada Gulf News neşiriniň Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamentine salgylanyp berýän habarynda aýdylýar.
Binagär Frenk Geriniň taslamasy boýunça gurlan binada 600 orunlyk konsert zaly we türgenleşik hem-de okuw üçin niýetlenen 18 otag bolar.
Alty ýaşdan dokuz ýaşa çenli 100 çagadan ybarat ilkinji topar üçin kabul edişlik eýýäm başlandy. Çagalar mugt okuwyň üsti bilen Günbatar nusgawy saz sungatyny we arap saz däplerini öwrenip bilerler.

Bu başlangyç ýokary hilli saz biliminiň has köp çaga elýeterli bolmagyny hem-de ýaş sazandalaryň geljekde hünär taýdan kämilleşmegi üçin mümkinçilik döretmegi maksat edinýär. Akademiýanyň ilkinji iş ýylynyň dowamynda saz taýýarlyk derejesi ýokary bolan okuwçylar üçin goşmaça toparlary döretmek hem meýilleşdirilýär.

Kanadaly-amerikaly binagär Frenk Geri (1929–2025) 1989-njy ýylda Pritsker baýragyna mynasyp bolan we dekonstruktiwizm akymynyň iň meşhur wekilleriniň biridir. Ispaniýanyň Bilbao şäherindäki Guggenhaým muzeýi we Los-Anjelesdäki Wolt Disneýiň konsert zaly hem onuň meşhur taslamalarynyň hataryna girýär.