Ýuwaş ummanda 41 günläp aç-suwsuz galan 18 ýaşly balykçy halas edildi

Şu gün, 16:122,126
1 / 3

Kiribati ada döwletiniň balykçylary Papua — Täze Gwineýadan bolan 18 ýaşly Luka Rahany halas etdiler. Ol öýünden, takmynan, 2 müň kilometr uzaklykda, deňizde akymyň ugruna gidip barýan gaýykda 41 günläp aç-suwsuz galypdyr.

Ýaş ýigit teşnelikden ejir çekipdir. Onuň bilen bile balyk tutmaga giden doganoglany bolsa halas edilmezinden bir hepde öň aradan çykypdyr. Bu barada Awstraliýanyň ABC teleradiokompaniýasy habar berýär.

Geçen aý Rahan doganoglany bilen Bugenwil adasynyň demirgazyk kenaryndan deňze çykypdyr. Balyk tutup ýörkäler, gaýygyň hereketlendirijisi döwlüpdir. Gaýygyň labyry bolmansoň, ol akymyň ugruna düşüp, kenardan barha uzaklaşyp başlapdyr.

27-nji oktýabrda kiribatili balykçylar gaýygy Tarawa bilen Maiana adalarynyň aralygyndan tapýarlar. Gaýykda diňe Rahanyň özi bar eken. Ony Kiribatiniň paýtagtyndaky hassahana äkidipdirler. Häzirki wagtda ol bejergi alýar we ýuwaş-ýuwaşdan saglygyny dikeldýär.

Ýaş ýigidi soramak üçin hassahana Tarawa şäherinde işleýän, Papua — Täze Gwineýadan bolan inžener Jonatan Entoni Kunau hem barypdyr. Kunau öz watandaşyna goldaw bermegi we oňa maşgalasy bilen habarlaşmaga ýardam etmegi ýüregine düwüpdir.

«Men onuň ýanyna baryp, ýagdaýynyň gowudygyna göz ýetirmegi öz borjum hasapladym. Ol meniň watandaşym. Men oňa goldaw bermeli, özüni öýünde ýaly rahat duýmagyna kömek etmeli» diýip, Kunau gürrüň berýär.