ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň düzüminde ätiýaçlykda duran Jek Pireýdin Arkanzas ştatyndaky «Crater of Diamonds» döwlet seýilgähinde agramy 6,03 karat bolan almaz tapdy. The Independent neşiriniň habar bermegine görä, bu daş şu ýyl seýilgähde tapylan iň uly almazdyr.
Pireýdin 2013-nji ýyldan bäri gymmatbaha daşlary gözlemek bilen meşgullanýar we bu seýilgähe yzygiderli baryp durýar. Ol şu ýyl tapan daşynyň adaty daşlardan tapawutlanýandygyny derrew duýupdyr.
Tapyndydan soň, käbir kolleksionerler onuň bahasynyň 1 million dollardan hem geçip biljekdigini çakladylar. Emma tejribeli hünärmenleriň biri hili we ululygy şeýle almazyň, takmynan, 250 müň dollara durýandygyny aýtdy.

«Crater of Diamonds» seýilgähi özbaşdak almaz gözläp, tapan daşlaryňy hem öz ýanyň bilen alyp gidip bolýandygy bilen tapawutlanýar. 1972-nji ýylda öňki almaz käniniň ýerinde döwlet seýilgähi döredileni bäri bu ýerde 37 müňden gowrak almaz tapyldy. Her ýyl bu ýerden, takmynan, 400–800 sany almaz tapylýar. Olaryň köpüsiniň agramy dörtden bir karata golaý bolýar.
1924-nji ýylda hut şu ýerde ABŞ-nyň taryhynda iň uly almaz — agramy 40,23 karat bolan «Uncle Sam» atly daş tapylypdy. Onuň agramy, mazaly ýylmanandan soň,12,42 karata çenli azalypdyr. Häzirki wagtda bu almaz Smitson institutynyň Milli tebigy taryh muzeýinde saklanýar.