Ogurlanan 291 müň dollarlyk sagat ötünç bilen yzyna gaýtaryldy

Şu gün, 09:541,288

Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki «Nakano Broadway» söwda merkezinde ýerleşýän dükanlaryň birinden ogurlanan sagat poçta arkaly yzyna gaýtaryldy. Bahasy 46 million ýenalyk (takmynan, 291 müň dollar) sagadyň gapdaly bilen ogry ötünç sorap, hat iberen eken. Bu barada Asahi Shimbun neşiri habar berýär.

29-njy oktýabrda dükana gelen bir kişi satyjydan gymmat bahaly sagady dakynyp görmäge rugsat sorapdyr. Sagady eline alansoň bolsa dükandan çykyp gaçyp gidipdir.

Bu wakadan esli wagt geçensoň, noýabr aýynyň 1-ine irden dükana Aýti prefekturasyndan bir bukja gelip gowuşýar. Işgärler sagadyň seriýa belgisini barlap, onuň hut şol ogurlanan sagatdygyny anyklapdyrlar. Sagada hiç hili zeper ýetmändir.

Bukjany kimiň iberendigi we ogurlanan sagady näme sebäpden yzyna gaýtarmak kararyna gelendigi häzirlikçe näbelli. Polisiýa derňew işlerini dowam edýär we güman edilýän adamy gözleýär.

«Nakano Broadway» söwda merkezinde soňky döwürde bolup geçen uly ogurlyk diňe bu däl. Awgust aýynda iki erkek kişi başga bir dükanyň aýna tekjesini döwüp, umumy bahasy, takmynan, 200 million ýena bolan sagatlary ogurlapdyr. Soňra bu jenaýat boýunça şübhe bildirilip, iki sany çilili tussag edilipdir.

Şol wakadan soň, polisiýa dükan eýelerine gymmat bahaly harytlaryň ýerine tekjelerde olaryň öýkünme nusgalaryny ýa-da suratlaryny goýmagy, şeýle hem aýna tekjeleri ýörite gorag örtügi bilen berkitmegi maslahat berdi.