Romanowlaryň maşgalasyna degişli tas 198 karatlyk ýakut daşy auksionda satylar

Şu gün, 14:55847
1 / 5

Romanowlar imperator maşgalasynyň ýakut daşy Ženewada geçirilýän «Sotheby’s Royal and Noble Jewels» auksionynda satuwa çykarylar.

Ýakut daşynyň özi Cartier brendiniň göwher daşlary bilen bezelen bilezigine oturdylypdyr.

Auksion 11-nji noýabrda göni ýaýlymda geçiriler. Sotheby's bu zergärçilik önümini 850 müň — 1,7 million şweýsar franky (takmynan, 1–2 million dollar) möçberinde bahalandyrýar.

Bellenilişi ýaly, şaý-sep XIX asyra degişli. Daşyň özüniň (agramy — 197,80 karat) rus imperatorynyň hazynasyna haçan düşendigi näbelli, ýöne onuň taraşlanma ýagdaýy Beýik Mogollaryň döwründe (XIX asyryň ortalarynda) döredilendigini görkezýär, oňa niýetlenen bilezik bolsa, çen-takmyn, 2015-nji ýylda ýasalan.

Alyjy bezeg önüminden başga-da, ýakut daşyna we bilezige bagyşlanan Cartier-iň üç sany maglumat kitapçasyny alar.

Auksion öýüniň belleýşi ýaly, 1924–1926-njy ýyllarda rewolýusiýadan soň düzülen rus imperator şaý-sepleriniň katalogynda bu ýakut başga bir daş bilen bilelikde görkezilipdir. Şol wagt ol Faberženiň göwher çarçuwasyna ýerleşdirilipdir.

1920-nji ýyllarda sowet häkimiýetleri tarapyndan rus imperator şaý-sepleri satylandan soň, ýakut daşyny 1927-nji ýylda polşaly opera aýdymçysy Ganna Walska satyn alypdyr. Soňky döwürlerde daş birnäçe gezek elden-ele geçipdir.

Romanowlar nesilşalygy Rus imperiýasyna 1721-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli hökmürowanlyk edipdir.