6 sany hakyky gymmatbaha daş dakylan «Bakylygyň elligi» auksiona çykarylar

Şu gün, 11:101,728
1 / 3

Marvel älemindäki «Bakylygyň elliginiň» alty sany hakyky gymmatbaha daş bilen bezelen nusgasy 2026-njy ýylyň 8-nji dekabrynda Abu-Dabide geçiriljek auksiona çykarylar. Daşlaryň umumy agramy 170 karatdan geçýär. Bu elligi Nýu-Ýorkda ýerleşýän East Continental Gems kompaniýasy Marvel we Disney bilen bilelikde taýýarlady.

«Bakylygyň elligi» «Awengers» («Ar alyjylar») filmleriniň muşdaklaryna gowy tanyşdyr. Ol ilkinji gezek 2022-nji ýylda San-Diýegoda geçirilen Comic-Con festiwalynda görkezilipdi. Şonda onuň bahasy 25 million dollar diýlip kesgitlendi. Emma öňde boljak auksiony guraýjylar häzirlikçe elligiň täze kesilen, şeýle-de başlangyç bahasyny yglan etmediler.

Elligi döretmek pikiri 2019-njy ýylda ýüze çykypdyr. East Continental Gems kompaniýasynyň ýolbaşçysy Adam Mirzoff Marvel-iň ýolbaşçylaryndan biriniň iş stolunyň üstünde «Bakylygyň elliginiň» oýnawaç nusgasyny görüpdir. Ol degişme äheňinde onuň hakyky gymmatbaha daşlardan ýasalan görnüşini döretmegi teklip edipdir.

Şunlukda, Marvel kompaniýasy zergärlere filmlerde ulanylan elligiň sanly dizaýn nusgalaryny beripdir. Şol nusgalaryň kömegi bilen ussalar onuň daşky görnüşini gaýtadan döredip, bezeg hökmünde hakyky gymmatbaha daşlary oturdypdyrlar.

Elligiň uzynlygy tas 50 santimetre ýetýär. Onda ýakut, granat, sapfir, ametist, zümerret we sary göwher ulanylypdyr. Olaryň her biri filmlerdäki alty sany Bakylyk daşyny aňladýar.

Auksiony guraýjylaryň maglumatyna görä, alty daşyň hiç biri goşmaça işlenilmezden ýa-da häsiýetleri üýtgedilmezden ellige oturdylypdyr. Olaryň arasynda wagt daşyny aňladýan zümerrediň aýratyn taryhy bar. Bu daş mundan bir asyrdan gowrak öň tapylypdyr we 30 ýyldan gowrak wagt bäri East Continental Gems kompaniýasynyň ýygyndysynda saklanypdyr. Kompaniýa ozal satmak islemedik bu gymmatbaha daşyny elligi döretmek üçin ulanmaga razy bolupdyr.

Auksion Abu-Dabidäki Rosewood Abu Dhabi myhmanhanasynda «Pop Culture Legends Evening Sale» atly söwdanyň çäklerinde geçiriler. Satuwdan öň elligi Bahreýnde görkezmek hem meýilleşdirilýär.