«Gorp» («Fall») trilleriniň 3-nji bölüminiň surata düşürilmegi meýilleşdirilýär. Filmiň surata düşüriliş işlerine 2027-nji ýylda başlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada žurnalist Bred Miskiniň maglumatlaryna salgylanýan Dread Central neşiri habar berýär.
Filmiň dowamy 2-nji bölümiň kassa girdejileriniň garaşylandan pes bolandygyna garamazdan surata düşüriler.
Ikinji film ABŞ-da ilkinji görkezilen günlerinde 2,3 million dollar girdeji gazandy. Onuň umumy kassa ýygymy bolsa, takmynan, 5 million dollara deň boldy.
Täze bölümde Bekkiň keşbini ýene-de Greýs Kerolaýn Karri ýerine ýetirer. Filmiň režissýory hem edil öňkidäki ýaly Skott Mann bolar.
Skott Mann ssenarini Jonatan Frank bilen bilelikde ýazdy. Häzirki wagtda ssenariý eýýäm taýýar edildi.
Režissýor ozal awtordaşy bilen filmiň 2-nji we 3-nji bölümlerini yzly-yzyna surata düşürmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşandygyny aýdypdy.
«Gorp» filminiň birinji bölümi 2022-nji ýylda tomaşaçylara hödürlenipdi. Filmiň wakalary adamsynyň aradan çykmagyndan soň kyn günleri başdan geçirýän Bekki bilen onuň jorasy Hanteriň töwereginde bolup geçýär. Olar beýikligi, takmynan, 600 metre ýetýän, ulanyşdan galan telediňiň depesine çykýarlar. Emma diňiň basgançagy ýykylandan soň, gyzlar onuň iň ýokarsyndaky kiçijik meýdançada gabalyp galýarlar.
Film aman galmak ugrundaky göreşi, ýekelikde galmagyň kynçylyklaryny we beýiklikden gorkmak duýgusyny dartgynly wakalar arkaly beýan edýändigi bilen meşhurlyk gazandy.