SlashFilm neşiri wakalary, esasan, bir aktýoryň keşbi arkaly açylýan iň gowy 10 drama filminiň sanawyny taýýarlady. Sanawa Tom Henks, Will Smit, Jeýms Franko, Raýan Reýnolds we Tom Hardi ýaly meşhur aktýorlaryň gatnaşmagyndaky filmler, şeýle-de diri galmak ugrundaky göreş we ruhy synaglar barada gürrüň berýän eserler girizildi.
Sanawy düzenler tomaşaçylaryň ünsüni, ilkinji nobatda, aktýorlaryň ussatlygyna gönükdirmek üçin diňe drama žanryndaky filmleri saýlap alypdyrlar. Şeýle-de sanawda belli bir yzygiderlilik saklanylmandyr.

Sanawdaky filmleriň biri — 2007-nji ýylda surata düşürilen «Men — rowaýat» (I Am Legend) filmi. Onda Will Smit Nýu-Ýorkda howply ýokanjyň ýaýramagy netijesinde dörän betbagtçylykdan soň diri galan adamlaryň biri Robert Newilliň keşbini ýerine ýetirýär. Ol iti bilen bilelikde köp sanly zombileriň arasynda diri galmaga we ýokanja garşy derman tapmaga çalyşýar. Neşiriň bellemegine görä, filmiň täsirli bolmagynda Will Smitiň aktýorlyk ussatlygy möhüm orun eýeleýär. Muňa garamazdan, filmiň soňy häzire çenli tomaşaçylaryň arasynda jedel döredýär.

«127 sagat» (127 Hours, 2010) filmi bolan wakalara esaslanýar. Jeýms Franko bu filmde hanada gabalyp galan alpinistiň keşbini janlandyrýar. Aktýora başda özüne ynamly gahrymanyň wagtyň geçmegi bilen beden taýdan tapdan düşüp, umytsyzlyga uçraýşyny ynandyryjy ýerine ýetirmek başardypdyr.

«Lok» (Locke, 2013) trillerinde Tom Hardi awtoulagda ýola çykan wagty durmuşy düýpgöter üýtgeýän gurluşyk işleri boýunça ýolbaşçynyň keşbinde çykyş edýär. Filmiň wakalarynyň tas ählisi awtoulagyň içinde bolup geçýär. Gahrymanyň häsiýeti we kabul eden kararlarynyň netijeleri telefon arkaly edýän gepleşikleriniň üsti bilen açylyp görkezilýär. Hut şu gepleşikler hem filmiň dartgynlylygyny artdyrýar.

«Diriligine gömlen» (Buried, 2009) filminde Raýan Reýnolds ýere gömlen tabytdaky we ol ýerden çykmaga çalyşýan adamyň keşbini ýerine ýetirýär. Filmde wakalar diňe bir aktýoryň gatnaşmagynda açylýar diýseňem boljak. Ýapyk giňişlikde galan gahrymanyň halas bolmak ugrundaky göreşi tomaşaçylary hem şoňa meňzeş duýgulary başdan geçirmäge mejbur edýär.
SlashFilm neşiriniň sanawyna giren 10 film:
«Men — rowaýat» (I Am Legend, 2007);
«Gizlin hormat» (Secret Honor, 1984);
«127 sagat» (127 Hours, 2010);
«Içerde» (Inside, 2022);
«Diriligine jaýlanan» (Buried, 2009);
«Lok» (Locke, 2013);
«Grawitasiýa» (Gravity, 2013);
«Hiç kim seni halas etmez» (No One Will Save You, 2023);
«Adada galan» (Cast Away, 2000);
«Aý» (Moon, 2009).