Jud Lou täze serialda «Liwerpulyň» rowaýaty tälimçisiniň keşbini ýerine ýetirer

Düýn, 21:211,254
1 / 2

53 ýaşly Jud Lou «Liwerpuly» dünýäniň öňdebaryjy futbol klublarynyň birine öwürmäge kömek eden meşhur tälimçi Bill Şenkli baradaky serialda baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.

Taslamanyň ssenarisini «Ýetginjeklik dörwi» mini-serialyny döredijileriň biri bolan Jek Torn ýazar. Tälimçiniň agtygy Karen Gill hem bu hekaýatyň üstünde işlemäge goşuldy.

Serial Şenkliniň «Liwerpuly» çalt aýaga galdyryşy barada gürrüň berer, onuň ýolbaşçylygynda topar Birinji diwiziona gaýdyp geldi, şondan soň üç gezek Angliýanyň çempiony boldy, iki gezek Angliýanyň Kubogyny, dört gezek Angliýanyň Superkubogyny we UEFA Kubogyny eýeledi.

Waka 1960-njy ýyllarda Liwerpulyň joşgunly medeni we aýdym-sazly durmuşynyň höküm sürýän döwründe ýaýbaňlanar.

Birinji möwsüm klubuň taryhyndaky esasy döwri — çökgünligi başdan geçirýän topardan dünýäde iň meşhur futbol brendleriniň birine çenli geçen ýoluny öz içine alar.

Häzirki günde «Liwerpulyň» bütin dünýä boýunça 400 milliondan gowrak janköýeri bar.