Al Paçino kinematografiýa goşandy üçin Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyny alar

Düýn, 17:201,192
1 / 2

Amerikan aktýory Al Paçino kinematografiýa goşan goşandy üçin ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň SAG-AFTRA hormatly baýragynyň eýesi bolar. Baýrak 2027-nji ýylyň 28-nji fewralynda Los-Anjelesde 33-nji Actor Awards-yň dabarasynda gowşurylar.

Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Life Achievement Award baýragy her ýyl "aktýorlyk hünäriniň iň gowy ideallarynyň" nusgasyny, döredijilik we haýyr-sahawat hyzmatlaryny görkezenlere gowşurylýar. Öňki baýrak alanlaryň arasynda Harrison Ford, Jeýn Fonda, Barbra Streýzand, Sally Fild, Helen Mirren we Robert De Niro bar.

"Al Paçino diýseň batyrgaý, öndümli işleýän we janypkeş ussat, onuň işi hemişe ussatlyk hem-de zehin ölçeglerini kesgitleýär" diýip, SAG-AFTRA-nyň prezidenti Şon Astin aýtdy.

Al Paçino ilkinji gezek 1971-nji ýylda "Nidl-Parkdaky başagaýlyk" filminde surata düşüpdi. Oňa "Çokundyran ata" trilogiýasyndaky Maýkl Korleoneniň keşbi giň meşhurlyk getirdi we şol keşbi üçin ol ilkinji “Oskar” baýragyna dalaşgärligini aldy. Al Paçino karýerasynyň dowamynda dokuz gezek dalaşgär görkezildi, ýöne “Oskar” baýragyna diňe bir gezek mynasyp boldy, ol hem 1992-nji ýylda "Zenanyň ysy" filmindäki baş keşbi üçindir.

Onuň beýleki meşhur filmleriniň arasynda "Dog Day Afternoon", "Scarface", "Serpico" we "The Devil's Advocate" bar. Şeýle hem karýerasynyň dowamynda Al Paçino bäş "Altyn globus" baýragyna, iki "Emmi" baýragyna we iki "Toni" baýragyna mynasyp boldy.