«Science of Scare» taslamasynyň geçiren barlagyna görä, 2012-nji ýylda surata düşürilen adatdan daşary hadysalar baradaky «Sinister» filmi iň gorkunç filmleriň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi. Gözlegçiler filmleriň tomaşaçylara edýän täsirini olaryň ýürek urşunyň ýygylygynyň hem-de ýürek urgularynyň aralyklarynyň üýtgemegine görä kesgitlediler.
Bu barlag eýýäm ýedi ýyl bäri geçirilýär. Onda ýörite enjamlar arkaly synaga gatnaşýan meýletinçileriň gorkunç filmlere tomaşa eden wagtyndaky ýürek urşy yzarlanýar. Alnan maglumatlaryň esasynda «Scare Score» atly görkeziji hasaplanylýar. Ol bedeniň umumy täsirlenmesini hem-de filmiň iň gorkunç pursatlaryny göz öňünde tutýar.
«Sinister» filmine tomaşa edilende, tomaşaçylaryň ýürek urşy ortaça minutda 64 urgudan 86 urga çenli ýokarlanypdyr. Iň dartgynly pursatda bolsa bu görkeziji minutda 131 urga ýetipdir. Filmiň umumy görkezijisi 100-den 96 bal bolupdyr.
2026-njy ýyldaky barlaga 15 sany täze dalaşgär film gatnaşdy. Olaryň arasynda «Obsession» we «Backrooms» filmleri hem bar. Ölçegleriň netijesine görä, ýylyň iň gorkunç filmi A24 studiýasynyň «Undertone» filmi boldy. Muňa garamazdan, ol umumy sanawda diňe 33-nji orny eýeledi.
Zak Kreggeriň 2026-njy ýylda çykan täze «Resident Evil» filmi hem gowy netije görkezdi. Filmiň duýdansyz gorkuzýan sahnalarynyň birinde tomaşaçylaryň ýürek urgusy minutda 134-e ýetip, täze rekordy goýdy. Şeýle-de bolsa, film umumy sanawda birinji orna çykyp bilmedi.
«Science of Scare» taslamasynyň sanawyna görä, iň gorkunç 20 film:
1 «Sinister» (2012) — «Sinister»;
2 «Host» (2020) — «Myhman»;
3 «Skinamarink» (2022) — «Skinamarink»;
4 «Insidious» (2010) — «Astral»;
5 «The Conjuring» (2013) — «Doga-jady»;
6 «Hereditary» (2018) — «Reinkarnasiýa»;
7 «Smile 2» (2024) — «Ýylgyryş 2»;
8 «Smile» (2022) — «Ýylgyryş»;
9 «The Exorcism of Emily Rose» (2005) — «Emili Rouzyň jynyny kowmak»;
10 «Talk to Me» (2022) — «Meniň bilen gepleş»;
11 «Hell House LLC» (2015) — «Dowzah öýi LLC»;
12 «The Conjuring 2» (2016) — «Doga-jady 2»;
13 «It Follows» (2014) — «Ol yzyňdan gelýär»;
14 «The Dark and the Wicked» (2020) — «Tümlük we ýamanlyk»;
15 «The Descent» (2005) — «Iniş»;
16 «Paranormal Activity» (2007) — «Adatdan daşary hadysalar»;
17 «The Babadook» (2014) — «Babaduk»;
18 «A Quiet Place Part II» (2020) — «Ümsüm ýer 2»;
19 «The Autopsy of Jane Doe» (2016) — «Jeýn Douwyň autopsiýasy»;
20 «Insidious: Chapter 2» (2013) — «Astral: 2-nji bölüm».
Şeýle-de bolsa, bu barlagyň, esasan, filmlere tomaşa edilýän wagty bedeniň fiziologik täsirlenmesini ölçeýändigini, gorkynyň ähli görnüşlerini öz içine almaýandygyny bellemek gerek. Duýdansyz çykýan sesler, gorkunç keşpleriň birden peýda bolmagy we dartgynly sahnalar ýürek urşuny çaltlandyryp biler. Ýöne bu ýagdaý filmiň tomaşaçynyň ýadynda uzak wagtlap galjak derejede gorkunç boljakdygyny aňlatmaýar.
Duýdansyz gorkuzýan sahnalar tomaşaçyny bir pursatda tisgindirmegiň täsirli usulydyr. Emma dartgynly ýagdaýy kem-kemden güýçlendirýän, tomaşaçynyň hyýalyna giň orun berýän filmler başgaça täsir edýär. Olar film tamamlanandan soň hem ynsany köp wagtlap biynjalyk edip biler.
Şonuň üçin «Science of Scare» taslamasynyň sanawy haýsy filmleriň tomaşaçylara has güýçli täsir edýändigini görkezýän ähmiýetli ölçegdir. Ýöne haýsy filmiň iň gorkunçdygy baradaky sowala gutarnykly jogap bolup bilmez.