Aşgabatda dört sany uly köçäniň durky täzelener

Şu gün, 17:221,105

Türkmenistanyň paýtagtynda giň gerimli täzelemek işleri geçiriler. Ýurduň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde «Kämillik», Baba Annanow, Nurmuhammet Andalyp köçeleriniň we «Garaşsyzlyk» şaýolunyň durkuny täzelemek, abatlamak we abadanlaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Resmi bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde neşir edildi.

Meýilleşdirilen işler üç sany lota bölünýär:

  • Lot № 1: Baba Annanow köçesiniň (Arçabil şaýolundan Andalyp köçesine çenli) we Nurmuhammet Andalyp köçesiniň (Köpetdag şaýolundan S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli) böleklerini abatlamak we abadanlaşdyrmak.
  • Lot № 2: «Kämillik» köçesiniň doly durkuny täzelemek.
  • Lot № 3: «Garaşsyzlyk» şaýoluny abatlamak, şeýle hem şäher çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak.

Gyzyklanma bildirýän kompaniýalardan haýyşnamalar 2026-njy ýylyň 16-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde kabul edilýär.