Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryny guramanyň döredilmeginiň 35 ýyllygy, şeýle-de Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlary gutlady. Döwlet Baştutanynyň gutlagy 16-njy noýabrda metbugatda çap edildi.
Gutlagda ýaş nesli goldamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygy bellenilýär. Ýurtda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly açyp görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Serdar Berdimuhamedow 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Geçen 35 ýylyň dowamynda bu gurama ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaga, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, watansöýüjilik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmegine mynasyp goşant goşup gelýär.
Döwlet Baştutany türkmen ýaşlarynyň halkara guramalaryň işine, forumlara, ylmy maslahatlara we festiwallara işjeň gatnaşýandygyny hem belledi. Hususan-da, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» durmuşa geçirilmegi netijesinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy boldy. Prezidentiň bellemegine görä, bu ýagdaý ýaşlaryň tejribe alyşmagy we beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gatnaşyklary ösdürmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri döretdi.
Gutlagda her ýyl guramanyň döredilen gününde gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ähmiýeti barada hem aýratyn nygtalýar. Bu baýrak ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga, olaryň bilim, ylym, döredijilik, sport we zähmet ugurlarynda gazanan üstünliklerini höweslendirmäge gönükdirilendir.
«Bu baýrak ýaşlary öndürijilikli zähmete, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmegi ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka bolup, bu senäniň ýaş nesillerimizi täze üstünliklere, döwletli başlangyçlara hem-de belent maksatlara galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany belledi.
Ol ýaşlara berk jan saglyk, abadançylyk we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriler.