Şu ýylyň 19–20-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Çärä görülýän taýýarlyk barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäginde paýtagtda dürli medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Maksatnama laýyklykda, myhmanlaryň paýtagtdaky muzeýlere, Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine, şol sanda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda dowam edýän «Ene - tebigat» atly sungat sergisine baryp görmekleri meýilleşdirilýär. Munuň özi medeniýet diplomatiýasy arkaly Ýewropa döwletleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Ol Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, Ýewropa medeniýetiniň günleriniň çäginde Aşgabatda italýan aýdymçysy Simone de Roza konsert berer.