Ozal habar berşimiz ýaly, Antalýada BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde Türkmenistan birnäçe ylalaşyklara gol çekdi. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek baradaky ylalaşyk hem bar. BMGÖM öz metbugat beýanatynda bu taslama barada giňişleýin maglumat berdi.
Türkmenistanyň Hökümeti we BMGÖM «Türkmenistanyň uzakdaky ilatly ýerlerinde energiýa geçişini goldamak» atly bäşýyllyk taslama gol çekdi. Onuň bahasy Global daşky gurşaw gaznasynyň (GEF) granty görnüşinde berlen jemi 4,17 million ABŞ dollaryndan gowrakdyr.
Taslamany durmuşa geçirmek bilen BMG-niň Taslama hyzmatlary müdirligi (UNOPS) Daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de Energetika ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda meşgullanar.
Esasy ugurlaryň biri uzakdaky ilatly ýerlerde synag tertibinde umumy kuwwaty 2 MWt çenli bolan, Gün energiýasynda işleýän 10 sany mini-elektrik stansiýalaryny gurmak hem-de işe girizmek bolar. Häzirki wagtda olaryň köpüsi elektrik energiýasyny, esasan, dizel generatorlaryndan alýar.
Synag desgalary gün energiýasyny ulanmagyň mümkinçiliklerini görkezip, şeýle çözgütleri geljekde giňden ýaýratmak üçin esas döretmelidir. Mundan başga-da, alnan tejribäniň esasynda ýene-de 120 sany uzakdaky ilatly ýerde gün energiýasy ulgamlaryny ornaşdyrmak üçin mümkinçilik döredýän tehniki çözgütler hem-de tehniki mümkinçilikler işlenip düzüler.

Şeýle hem taslama gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda kadalaşdyryjy we institusional binýady kämilleşdirmegi, hünärmenleri taýýarlamagy hem-de milli tejribäni ösdürmegi göz öňünde tutýar.
«Ygtybarly we arassa energiýa elýeterliliginiň artmagy adamlaryň abadançylygyna, ýerli jemgyýetleriň durnuklylygyna we Türkmenistanyň durnukly ösüşine möhüm goşantdyr. Bu taslama ýurduň gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge bolan ygrarlylygyny amaly çözgütlere öwürmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär, kämilleşdirilen syýasaty, milli mümkinçilikleri güýçlendirmegi we gün energiýasyna anyk maýa goýumlaryny birleşdirýär. Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň giňden ornaşdyrylmagy üçin şertleri döretmäge, energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga we ýerli jemgyýetleriň, şol sanda zenanlar we beýleki ejiz toparlaryň has ygtybarly energiýa hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmegini üpjün etmäge çalyşýarys» diýip, BMGÖM-üň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan belledi.
BMGÖM-de taslamanyň Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Milli gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek strategiýasynda we Milli howanyň üýtgemegi strategiýasynda kesgitlenen gaýtadan dikeldilýän energiýa hem-de howa hereketlerinde milli ileri tutulýan ugurlaryny goldamaga gönükdirilendigi nygtalýar. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurduň Pariž ylalaşygynyň çägindäki borçnamalaryny ýerine ýetirmegine we 2030-njy ýyla çenli BMG-niň Durnukly ösüş gün tertibiniň maksatlaryna ýetmegine ýardam berer.