Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan «Amul — Hazar» atly ýörişine badalga berildi. Oňa ahalteke bedewlerine atlanan 35 ýigit gatnaşýar. Olar 1755 kilometr aralygy geçer diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Ýörişe Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän gadymy Amul galasynyň golaýynda badalga berildi. Gatnaşyjylar ýola düşmezden öň, Garagum sährasynda medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy: ak öýler dikildi, milli mirasy şöhlelendirýän sergiler taýýarlanyldy, medeniýet we sungat ussatlary, folklor hem-de tans toparlary çykyş etdi.
Ýörişe Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynyň wekilleri gatnaşýar. Atlylar ýaşulularyň ak patasyndan soň ýola düşdi.
Uzynlygy 1755 kilometre barabar bolan ugur Türkmenistanyň bäş welaýatyny öz içine alar. Şolaryň 108 kilometri Lebap welaýatynyň, 461 kilometri Mary welaýatynyň, 473 kilometri Ahal welaýatynyň, 33 kilometri Daşoguz welaýatynyň we 680 kilometri Balkan welaýatynyň çäginden geçýär.
Ýöriş 2026-njy ýylda ahalteke bedewlerine we atly sporta bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäginde guraldy. Ozal sentýabr aýynda bäş ýylda bir gezek ahalteke bedewleriniň arasynda atly sport we gözellik bäsleşigi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek, şeýle hem bedewleri konkur we beýleki görnüşler boýunça halkara ýaryşlara taýýarlamak barada hem çözgütler kabul edilipdi.
«Amul — Hazar» atly ýörişi Türkmenistanyň taryhynda yz galdyran atly ýörişleriň däbini dowam etdirýär. Olaryň hatarynda 1935-nji ýylda geçirilen we uzynlygy 4 müň kilometrden gowrak bolan Aşgabat — Moskwa atly ýörişi, şeýle hem 1936-njy ýylda guralan atly ýörişler bar. Täze ugur ahalteke bedewlerine we ýurduň milli atçylyk mirasyna ünsi çekmäge gönükdirilendir.