Gruziýaly MMA söweşiji, UFC-niň öňki çempiony Merab Dwalişwili bilen bolan dawa-jenjeliň gatnaşyjylary, şol sanda russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow Abu-Dabide tussag edildi. Bu barada TASS agentligi öz çeşmesine salgylanyp habar berýär.
Agentligiň söhbetdeşiniň aýtmagyna görä, dawa-jenjele gatnaşyjylar ýüze çykan wakany derňew etmek üçin saklanypdyr.
Mundan bir gün öň Dwalişwili sosial ulgamlarda Usman Nurmagomedowyň we onuň dostlarynyň myhmanhananyň eýwanynda özüne hem-de ýoldaşyna topulandygyny habar berdi.
«RAF üçin myhmanhananyň eýwanynda interwýu berip durdum. Şol wagt Usman öz dostlary bilen arkamyzdan gelip, maňa we ýaş ýoldaşyma topuldy. Garawullar meni saklap durdy, olar bolsa bizi ýere ýykanlaryndan soň hem depmegini dowam etdiler» diýip, gruziýaly söweşijisi gürrüň berdi.
Dwalişwili garşydaşlaryny arkadan duýdansyz topulandyklary üçin namartlykda aýyplap, meseläni «adalatly göreş arkaly» çözmegi teklip etdi. Söweşijiniň goýan wideolarynda onuň çep gözüniň mese-mälim çişendigi görünýär.

Usman Nurmagomedow we onuň ýoldaşlary aýyplamalar barada heniz hiç hili düşündiriş bermedi.
35 ýaşly Merab Dwalişwili 2025-nji ýylyň ýanwarynda Usmanyň süýtdeş dogany Umar Nurmagomedow bilen duşuşypdy. Şol tutluşykda gruziýaly söweşiji ýeňiş gazanyp, UFC-niň iň ýeňil agram derejesindäki çempionlyk guşagyny gorap saklady. Soňra ol häzirki wagtda çempionlyk guşagyna eýe bolan Pýotr Ýana iki gezek ýeňildi.
28 ýaşly Usman Nurmagomedow UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr. Onuň professional karýerasynda 22 ýeňiş bolup, ol henize çenli bir gezek hem ýeňilmedi.