Türkmenistan we Saud Arabystany 2027-nji ýyl üçin haj zyýaratyny guramak barada Ylalaşyk baglaşdy

Düýn, 15:104,733
1 / 5

2026-njy ýylyň 8–11-nji noýabry aralygynda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde Altynjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisi geçirildi. Bu halkara çäresine Türkmenistanyň Müftüsi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Patyşalykdaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, maslahatyň dowamynda 2027-nji ýylyň haj möwsümine täze hyzmatlary we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag, myhmanhana üpjünçiligi, zyýaratçylaryň howpsuzlygy hem-de olara amatly şertleri döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäginde 10-njy noýabrda Rahman Gurbanmyradow Saud Arabystanynyň Haj we umra işleri ministriniň orunbasary doktor Abdulfattah bin Suleýman Maşad bilen duşuşyp, 2027-nji ýylda türkmen raýatlarynyň haj zyýaratyny guramak bilen bagly meseleler barada pikir alyşdy. Gepleşikleriň netijesi boýunça Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Soňra Gurbanmyradow Haj we umra işleri ministri doktor Tawfik bin Fawzan Al-Rabiah bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi. Taraplar haj möwsüminde zyýaratçylaryň haj parzlaryny etmekleri bilen bagly meselelere seretdi.