Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
23.06.2026 13:48
4.2k+
Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar
Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen...
22.06.2026 14:41
6.3k+
«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär
2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly...
19.06.2026 19:49
5.1k+
Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy
Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy.
12.06.2026 21:08
11k+
ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi
ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters...
08.06.2026 12:42
10k+
Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady
Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud...
29.05.2026 08:03
7.8k+
157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar
Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek...
22.05.2026 07:24
10k+
Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy
«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy.
22.04.2026 15:42
10k+
Saud Arabystany Mekgä girmegiň düzgünlerini güýçlendirdi we jerimeleri girizdi
Saud Arabystanynda «Haj—2026» möwsümini geçirmegiň täze düzgünleri güýje girdi. Hökümet tarapyndan tassyklanan täze düzgünlere görä, 13-nji aprelden başlap, Mekge şäherine girmäge diňe ýörite ygtyýarnamasy...
16.04.2026 15:43
7.9k+
Jeddah Tower asmana uzaýar: ägirt bina 100-nji gata ýetdi
Saud Arabystanyndaky «Jeddah Tower» binasynyň gurluşygy resmi taýdan 100-nji gata ýetdi. Bu taslama dünýäde beýikligi bir kilometrden aşýan ilkinji bina bolmak ugrunda ynamly öňe barýar.
04.04.2026 15:00
10k+
Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer
Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama...
20.03.2026 11:19
11k+
Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi
Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär
16.03.2026 16:43
3.7k+
“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy
Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez
15.03.2026 19:36
4.2k+
ILMI merkezi: Er-Riýadda geljekki zehinler üçin täze merkeziň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär
Saud Arabystany Er-Riýadda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk taslamasynyň täze suratlaryny çap etdi. Mohammed bin Salmanyň (Misk City) adyny göterýän dünýäde ilkinji girdejisiz şäheriň merkezinde ýerleşýän ILMI ylmy-barlag toplumy kem-kemden kemala gelýär
10.03.2026 13:50
9.1k+
Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy
Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky
02.03.2026 10:48
16k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaýa we Jiddä uçuşlary wagtlaýyn togtadýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, uçuşlar 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli ýatyryldy
01.03.2026 11:08
9.1k+
Er-Riýadda iki kilometrlik Rise Tower gökdirän binasynyň taslamasy görkezildi
Saud Arabystany Er-Riýadda bina edilmegi meýilleşdirilýän Rise Tower gökdirän binasynyň renderlerini görkezdi. Taslama görä, binanyň beýikligi, takmynan, iki kilometr bolar. Ony durmuşa geçirmek başartsa, ol ýer ýüzüniň iň beýik desgasy bolar we Dubaýdaky Burj Halifa we häzirki wagtda gurulýan Jeddah Tower-den hem öňe geçer
22.02.2026 22:43
22k+
«Men Saud Arabystanyna degişli. Bu ýerde men bagtly» Ronaldu geljegi barada pikirlerini paýlaşdy
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özüniň geljekki meýilnamalary barada durup geçdi we karýerasyny bu ýurtda dowam etdirmek isleýändigini tassyklady. Bu barada insaýder Fabrisio Romano habar berýär
20.02.2026 11:25
2.5k+
Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar
Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy. Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi
19.02.2026 18:49
13k+
Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy
2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy
11.02.2026 11:54
26k+
«Al-Nasr» Aşgabada geldi: Ronaldu we beýleki ýyldyzlar düzümde ýok
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby sişenbe güni agşam Aşgabada geldi we dabaraly garşy alyndy. Çarşenbe güni saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» toparyna garşy meýdança çykar
07.02.2026 10:47
11k+
Türkmen modelýeri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa Er-Riýadda fransuz kutýurýesi bilen bilelikdäki toplumyny görkezdi
Türkmen dizaýneri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 4-nji we 8-nji fewral aralygynda geçirilýän «Oriental Fashion Show» çäresiniň çäklerinde fransuz kutýurýesi Klod Patrik bilen bilelikde taýýarlan lybas toplumyny görkezdi
06.02.2026 17:57
8.3k+
Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy
Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. «Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny” tanyşdyrdy
04.02.2026 14:55
15k+
Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy
Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi. Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy
03.02.2026 19:59
5.4k+
N'Golo Kanteniň «Fenerbahçä» transferi resminama alşylanda ýalňyşlyk sebäpli ýatyryldy
Ýarym goragçy N'Golo Kanteniň «Al-Ittihad» saud klubundan Türkiýäniň «Fenerbahçe» toparyna amala aşyrylmaly transferi tehniki näsazlyk sebäpli ýatyryldy. Stambul klubunyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, transferiň bökdenmegi taraplaryň arasynda resminama çalşygy mahalynda ýüze çykdy
03.02.2026 09:57
6.1k+
Karim Benzema resmi taýdan «Al-Hilýalyň» oýunçysy boldy
Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Karim Benzema «Al-Hilýal» klubuna geçdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi. Öň «Al-Ittihadda» çykyş eden 38 ýaşly futbolçy Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň häzirki lideri «Al-Hilýal» bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy
02.02.2026 12:22
21k+
Ronaldu "Al-Nasr" üçin meýdança çykmakdan ýüz dönderýär. Onuň Aşgabada gelmegi sorag astynda
Kriştianu Ronaldu ýene-de üns merkezine düşdi. Ýöne bu gezek gollary bilen däl-de, dörän gapma-garşylyklar sebäpli düşdi. Portugaliýanyň «A Bola» neşiriniň habar bermegine görä, ýyldyz hüjümçi «Al-Nasryň» «Er-Riýad» toparyna garşy geçirjek nobatdaky duşuşygyna gatnaşmazlygy mümkin
31.01.2026 08:52
2.5k+
Haýsy döwlet ylmy-barlaglar üçin köp çykdajy edýär? 25 ýylyň infografikasy
Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ylmy-barlag we tejribe-gurnamaçylyk işlerine (NIOKR /R&D) gönükdirilýän global çykdajylar ep-esli artdy. 2000-nji ýylda bu görkeziji 1 trillion dollardan hem az bolan bolsa, 2024-nji ýyla çenli 3 trillion dollara golaýlady
29.01.2026 15:22
12k+
Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy
Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar
27.01.2026 18:00
6.7k+
Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär
Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär
24.01.2026 09:22
3k+
Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi
23.01.2026 15:47
3.2k+
Er-Riýadda Kibersport boýunça dünýä kubogynyň baýrak gaznasy rekord 75 million dollar bolar
2026-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 23-nji awgusty aralygynda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriljek Kibersport boýunça dünýä kubogynyň (Esports World Cup, EWC) baýrak gaznasy rekord derejä — 75 million dollara ýeter
19.01.2026 11:49
26k+
«Arkadag» – «Al-Nasr» futbol klublarynyň duşuşygynyň biletleri satylyp başlandy
Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyna biletleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy
12.01.2026 07:26
11k+
«Barselona» «Realy» utup, 16-njy gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy
Saud Arabystanynda Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny geçirildi we Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy. «Barselona» bu kubogy yzygider ikinji ýyl aldy. Toparlar oýnuň birinji ýarymynda dört gol geçirdi, şolardan üç gol birinji ýaryma goşulan wagtda salyndy
08.01.2026 16:06
21k+
«Al-Nasr» türkmen klublaryna garşy birinji gezek oýnanok
Türkmenistanyň köp sanly futbol janköýerleri AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynda "Arkadag" bilen Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ýogsa näme, türkmen klublaryna şeýle ýokary derejedäki garşydaşlar bilen duşuşmak elmydama nesip edip durmaýar
07.01.2026 13:24
21k+
Röwşen Muhadow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi
«Arkadag» futbol kluby Röwşen Muhadow bilen hyzmatdaşlygyň tamamlanandygyny habar berdi. Tälimçi bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanyp, taraplar ony uzaltmazlyk barada özara ylalaşyk esasynda karara geldiler diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär
03.01.2026 22:48
23k+
«Arkadag» futbol klubunyň «Al‑Nasr» bilen geçirjek duşuşyklarynyň seneleri belli boldy
Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) AFK‑2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň duşuşyklarynyň senelerini we başlanjak wagtlaryny tassyklady. Kuala‑Lumpurda geçirilen bije çekişligiň netijesine görä, «Arkadagyň» garşydaşy portugaliýaly futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al‑Nasr» topary bolar
25.12.2025 11:46
2.1k+
Electronic Arts 55 mlrd dollara Saud Arabystanyna satylýar: paýdarlar şertnamany tassyklady
Amerikan wideooýun işläp düzüjisi Electronic Arts-yň paýdarlary kompaniýanyň Saud Arabystanynyň Jemgyýetçilik maýa goýum gaznasynyň (PIF) ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna 55 mlrd dollara satylmagyny tassyklady diýip, Bloomberg habar berýär
23.12.2025 11:56
7.8k+
Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar
Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaltmak kararyna geldi. Çykdajylary azaltmak meýilnamalary barada The Guardian neşiri habar berýär
19.12.2025 16:45
6.8k+
FIFA çabga sebäpli Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medalyny birbada iki ýygynda berdi
Saud Arabystanynyň we BAE-niň milli ýygyndylary howa şertleri sebäpli üçünji ýer üçin oýun ýatyrylandan soň Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medallaryny özara paýlaşdy. Halkara futbol federasiýasy oýny 0:0 hasabynda tamamlanan diýip hasaplady we baýragy iki topara-da berdi
17.12.2025 12:24
1.7k+
Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy
14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy
«
1
2
…
10
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.