Saud Arabystanynda 3200 ýyllyk «brend» tapyldy

Şu gün, 15:391,177
1 / 3

Häzirki Saud Arabystanynyň çägindäki Kuraýýa oazisinde, takmynan, 3200 ýyl mundan ozal öndürilen nagyşly keramika öz döwründe "brend" hökmünde hyzmat eden bolmagy mümkin. Şeýle çaklama PLOS One žurnalynda çap edilen ylmy makalada aýdylýar.

Kuraýýa keramikasy özüniň belli bolan gara-gyzyl geometrik äheňli nagyşlary hem-de haýwanlaryň we adamlaryň şekilleri bilen tapawutlanypdyr. Şeýle-de bu gaplar durnukly tehnologiýalar boýunça öndürilip, olar özüne mahsus daşky görnüşe eýe bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu gaplar oazisden uzaklara hem ýaýrapdyr.

Barlagçylar Kuraýýadaky peçden tapylan keramiki bölekleri tehnologik, petrografik we geohimiki seljermeler arkaly öwrendiler. Soňra alan netijeleri beýleki arheologik ýadygärliklerden tapylan nusgalar bilen deňeşdirdiler.

Seljerme önümçiligiň durnukly aýratynlyklaryny görkezdi. Wagtyň geçmegi bilen Kuraýýa keramikasy, hususan-da, häzirki Iordaniýanyň çägine we sebitiň beýleki künjeklerine ýaýrapdyr. Şol bir wagtyň özünde, ýerli senetçiler öz önümlerinde bu gap-gaçlara mahsus bolan aýratynlyklary gaýtalap başlapdyrlar.

Bu keramiki önümleriň köpçülik tarapyndan tanalmagy, olaryň giňden ýaýramagy, durnukly önümçilik usullarynyň hem-de öndürijisiniň belli bolmagy ýaly aýratynlyklaryň utgaşmagy, barlagçylara häzirki zaman brendingi bilen meňzeşliginiň bardygyny aýtmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle-de bolsa, alymlar bürünç asyrynyň arap ilatynyň bu keramika önümlerini häzirki zaman sarp edijileriniň belli brendleri kabul edişi ýaly görmändiklerini belläp geçýär. Bu ýerde gürrüň ýörelgäniň meňzeşliginde: adamlar önümi mahsus alamatlary boýunça tanap, ony öndürilen ýeri we taýýarlanyş usuly bilen baglanyşdyryp bilipdir.

Barlagyň awtorlary Kuraýýa keramikasynyň taryhda ilkinji subut edilen brend däl-de, diňe brendiň emele gelmeginiň irki mysallarynyň biridigini belleýär. Olaryň pikiriçe, bu barlag önümi tanamak ýörelgesiniň logotipleriň, mahabatlaryň we häzirki zaman kompaniýalarynyň peýda bolmazyndan has öň hem bolandygyny görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.