Amsterdamda Sowuk uruş döwründe gurlan ýadro hüjüminden goraýan ýerasty bunker satlyga çykaryldy. Postýeskade kenarýakasynda ýerleşýän bu desga 295 müň ýewro bahalandyrylýar.
Gozgalmaýan emlägiň beýanynda desganyň ulanylyş maksady «näbelli» diýlip görkezilýär. Şonuň üçin binanyň geljekki eýesi muny şäher häkimliginden özbaşdak anyklamaly bolar.
Property Noord agentliginiň eýeleriniň biri bolan Hero Panmanyň çaklamagyna görä, bu ýerde saz studiýasyny ýa-da adaty bolmadyk dynç alyş ýerini döretmek bolar.
Desga, takmynan, 80 adama niýetlenip, Amsterdam-West etrabynda ýerleşýär.
Bunkeriň umumy meýdany, takmynan, 55 inedördül metr bolup, ol üç gatdan ybarat. Köçä çykýan gatda elektrik energiýasy, suw we internet bilen üpjün edilen kerpiçden jaý ýerleşýär. Şeýle hem onda awtoulag duralgasy göz öňünde tutulandyr.
Aşaky gatda meýdany, takmynan, 10 we 17 inedördül metr bolan iki otag, şeýle hem 18 inedördül metre golaý meýdany tutýan kommunikasiýaly we örän ýaramaz ýagdaýda saklanyp galan ýerzemin bar.
Bu desga 1940-njy ýylda lagym suwlaryny sorujy beket hökmünde gurlupdyr. 1959-njy ýylda ony gaçybatalga öwrüpdirler. 2022-nji ýylda bolsa desga 1,1 million ýewro satuwa çykarylypdyr, ýöne şol wagt alyjy tapylmandyr.
Häzirki satuw 6-njy noýabra çenli dowam eder. Satyjylar şertnamany 24-nji dekabra çenli ýapmagy meýilleşdirýärler. Gozgalmaýan emlägiň bahasyndan başga-da, alyjy ýaşalmaýan emläge eýeçilik hukugyny alýandygy üçin 10,4% möçberindäki salgydy we notarial hyzmatlary üçin tölegi öz üstüne almaly bolar.