Arheolog pürsi öwrenip, Angliýada iň gadymy pabyň 1430-njy ýylda gurlandygyny anyklady

Şu gün, 09:10719

Angliýanyň iň gadymy paby diýlip, Somerset graflygynyň Norton-Sent-Filip obasynda ýerleşýän George Inn myhmanhanasy ykrar edildi. Historic England guramasynyň arheology Jeýms Raýt binanyň, takmynan, 1430-njy ýylda gurlandygyny anyklady.

Binanyň ýaşyny kesgitlemek üçin alym agaçlaryň ýyllyk halkalaryny öwrenmäge esaslanýan dendro-hronologiýa usulyny ulandy.

Barlagçy müňlerçe ýyl taryhy bar diýlip hasap edilýän ýigrimiden gowrak ýeri öwrenipdir. Onuň aýtmagyna görä, şeýle ýerleriň köpüsiniň gadymylygy baradaky maglumatlar ygtybarly taryhy subutnamalar bilen tassyklanmaýar we köplenç, mahabat maksady bilen ulanylýar.

Alym binanyň gurlan wagtyny kesgitlände, orta asyr agaç ussalarynyň agaçlary çapandan soň, adatça, köp wagt geçirmän peýdalanandyklaryny hem göz öňünde tutupdyr. Bu usulda agaç sütünleriniň ýaşy binanyň haçan gurlandygyny anyklamaga kömek edýär.

George Inn myhmanhanasyny Hinton monastyrynyň keşişleri esaslandyrypdyr. Ilkibaşda bina ýüň saklanýan ammar hökmünde ulanylypdyr. 1668-nji ýylda bu ýerde iňlis döwlet işgäri Samuel Pips düşläpdir. 1685-nji ýylda bolsa iňlis tagtyna dalaş eden gersog Monmutyň ştab-kwartirasy ýerleşipdir.

2000-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitaby iň gadymy pab derejesini bermegi wagtlaýyn togtatdy. Munuň sebäbi şeýle edaralaryň ýaşyny ygtybarly kesgitlemegiň we taryhy binalaryň öňe sürülýän döwrüň bütin dowamynda, hakykatdan hem, pab hökmünde ulanylandygyny tassyklamagyň çetinligidir.