Seýrek duş gelýän zäherli primat — bankan haýal lorisi (Nycticebus bancanus) barada ylym dünýäsinde 1930-njy ýyllardan bäri hiç hili habar-hatyr ýokdy, ýöne ol Indoneziýanyň Banka adasynda häzire çenli erkin ýaşap ýören görnüş bolup çykdy.
Onýyllyklaryň dowamynda bu primatlar adamlara ýakyn ýerlerde ýaşap, wagtal-wagtal ekin meýdanlarynda, ýollarda we elektrik geçiriji liniýalarynda peýda bolupdyr.
Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi öň bu görnüşi doly ýitip gitmek howpunyň astyndaky ýa-da asla ýitip giden diýip hasaplapdy, «Re:wild» tebigaty goraýyş guramasy bolsa bankan lorisini planetanyň iň köp gözlenýän «ýitirilen» primatlarynyň sanawyna goşupdy.
Barlaglaryň dowamynda mälim bolşy ýaly, ýerli «Alobi» haýwanlary goramak merkezi 2015-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli ejir çeken primatlara yzygiderli kömek beripdir, ýöne bu maglumatlardan alymlaryň habary ýok eken.

Ähli zat Ýawa adasynda alymlaryň tötänleýin gürrüňdeşliginden soň üýtgedi. Barlagyň awtordaşy Timon Glaw ýagdaý barada bilip, indoneziýaly halasgärler bilen habarlaşdy. «Alobi» merkeziniň hasaba alyş žurnalyndan alymlar bankan lorisiniň 90-dan gowragyny halas etmek boýunça resmileşdirilen subutnamalary tapdy. Haýwanlaryň 86-sy bejergi alyp, ýabany tebigata gaýtaryldy.
«Alobi» merkeziniň direktory Langka Sani görnüşiň saklanyp galandygynyň ylmy taýdan tassyklanmagyna garamazdan, onuň doly ýitip gitmek töwekgelçiliginiň saklanýandygyny belledi. Palma plantasiýalary we bikanun galaýy känleri üçin tokaýlaryň çapylmagy haýwanlaryň tebigy ýaşaýyş gurşawyny ýok edýär.
Alymlar haýal etmän genetiki barlaglara başlamaga, populýasiýanyň giň gerimli ýazuwyny geçirmäge we görnüşi saklap galmak boýunça toplumlaýyn halkara maksatnamany işläp düzmäge çagyrýar.