Onlarça ýyl mundan ozal Ýewropada, esasan, Balkanlarda we Gara deňziň kenarlarynda duş gelýän şagallar häzirki wagtda täze ýaşaýyş ýerlerine tiz aralaşýarlar. Geljekde olaryň ýaýraw çäkleri Ýewropanyň 75 göterimine çenli giňäp biler. Bu bolsa häzirki ýaýran ýerlerinden tas alty esse köpdür. Şeýle netijä Nature Ecology & Evolution ylmy žurnalynda makalasy çap edilen halkara alymlar topary geldi.
Şagallaryň ýaýraýandygyna dürli ýurtlarda geçirilen gözegçilik işleri hem şaýatlyk edýär. Çehiýadaky Podi milli seýilgähinde otly meýdandan geçip barýan iki şagal ilkinji gezek wideoduzaga düşdi. Bu meýdan Hawraniki obasynyň golaýynda ýerleşýär. Baltika we Skandinawiýa ýurtlarynda hem şagallaryň görlendigi barada habar berildi.
Alymlar Ýewropanyň dürli ýerlerindäki dokuz müňe golaý meýdançany öwrendiler. Ýyrtyjylaryň bardygyny anyklamak üçin olar şagallaryň uwwuldy ses ýazgysyny ýaýratdylar hem-de jogap gelen sesleri hasaba aldylar. Soňra alnan netijeleri howa şertleri we ýer aýratynlyklary boýunça seljerdiler.
Barlagyň netijesinde, şagallaryň öte uzaga çekmeýän gyşy hem-de suw howdanlaryna golaý, ýagny ekin meýdanlarynyň çemenliklerdir kiçijik tokaýlyklar bilen gezekleşýän ýerlerinde ýaşamagy halaýandygy anyklandy. Howanyň maýlamagy sebäpli, ozal aşa sowuk bolan sebitler hem şagallaryň ýaşamagy üçin amatly ýerlere öwrülýär. Oba hojalygyna degişli ýerler bolsa bu haýwanlara iýmit çeşmesi we bukalga bolup hyzmat edýär.

Alymlar şagallaryň ýaýramagynyň esasy sebäbini möjekleriň sanynyň azalmagynda görýärler. Möjekler şagallaryň tebigy bäsdeşi bolmak bilen, olaryň täze ýerlere ýaýramagynyň öňüni alýarlar.
Ýewropanyň günbatar we günorta böleklerinde, şol sanda Fransiýada hem-de Ispaniýada şagallaryň ýaşamagy üçin amatly ýerler köp. Olaryň bu sebitlerde peýda bolmagy ýerli ekoulgamlara täsir edip biler. Meselem, şagallaryň Pireneý ýarym adasyndaky seýrek duş gelýän sähra guşlary üçin howp kemi ýok.
Şagalyň gabarasy möjekden-de beter, tilkä meňzeýär. Bu jandar, adatça, adamlardan gaça durýar we ownuk gemrijiler, maslyklar, ösümlikler hem-de bişen miweler bilen iýmitlenýär. Dürli şertlere çalt uýgunlaşmak ukyby bolsa, ýyrtyjynyň täze ýaşaýyş ýerlerine tiz öwrenişmegine kömek edýär.