Dünýäde iň agyr mör-möjegi gyrlyp gutarmakdan halas etdiler

Şu gün, 09:092,731
1 / 2

Täze Zelandiýada ýörite köpeltmek maksatnamasynyň kömegi bilen hasaba alnanlaryň arasynda dünýäde iň agyr ganatsyz mör-möjek diýlip bilinýän wetapunganyň (ägirt ueta) sanyny dikeltmek başartdy. Bu barada «The Guardian» neşiri ýazýar.

Häzirki wagtda bu mör-möjekler Täze Zelandiýanyň materik böleginde tebigatda resmi taýdan ölüp gutaran diýlip hasap edilýär. Adalarda olara 1990-njy ýyllaryň başyna çenli, esasan, ýyrtyjylar we ekoulgamyň täsiri sebäpli ýitip gitmek howpy abanypdy.

Ýöne ýurduň iki sany haýwanat bagynda wetapungany ter we gaçan ýapraklardan, şeýle hem balyk belogyndan ybarat bolan üç komponentli iýmit bilen ýörite wolýerlerde köpeltmegiň ulgamy işlenip düzüldi. Netijede, tebigata — ýyrtyjylaryň ýok adalaryna — jemi 11 müň sany mör-möjek goýberildi. Olar hem birnäçe nesliň dowamynda durnukly köpelip, görnüşiň sanyny saklap bilýän öz-özüni goldaýan populýasiýany döretdi.

Wetapunganyň resmi ady — Deinacrida heteracantha bolup, ol Anostostomatidae maşgalasynyň Deinacrida toparyna degişli bolan uly göwrümli göniganatlylaryň bir görnüşi hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, olar uly hem-de galyň göwresi bolan uçmaýan mör-möjeklerdir. Wetapunganyň urkaçylarynyň agramy 71 grama ýetýär, bu adaty serçeden hem agyrdyr. Agramyň uly bölegini onuň garnyndaky geljekki ýumurtgalar tutýar. Ýumurtgasyz urkaçylaryň agramy seýrek ýagdaýda 19 gramdan geçýär. Olaryň göwrümi uzynlygyna, takmynan, 10 santimetre, el-aýaklarynyň gerimi bolsa inine 20 santimetre ýetip bilýär.