Alymlar 2,6 million ýyl ozal läheňleri gorkuda saklan ýyrtyjy jandary tapdylar

Düýn, 20:082,591
1 / 7

Alymlar 2,6–2,1 million ýyl ozal Demirgazyk deňziniň günorta böleginde ýaşan uly gadymy kosatkanyň galyndylaryny öwrendi. Süňkleriň gurluşy boýunça, hünärmenler bu ýyrtyjynyň irki pleýstosen döwründe-de iri olja awlamaga ukyply bolandygy barada netijä geldi.

Barlag «PeerJ» žurnalynda neşir edildi.

Galyndylar heniz 1994-nji ýylda Demirgazyk deňziniň günorta böleginde işlän balyk tutýan traulerler tarapyndan tapylypdy. Beýleki galyndylar, şol sanda mamontlaryň süňkleri bilen bilelikde ýene birnäçe bölek suwuň ýüzüne çykaryldy. Soňlugy bilen, olaryň Orcinus urugynyň wekiliniň galyndylarydygy anyklandy. Olar Rotterdamyň Tebigy taryh muzeýinde saklanypdy, ýöne ulgamlaýyn barlag diňe onlarça ýyllardan soň geçirildi.

Rotterdamyň Tebigy taryh muzeýinden Hidde Bakker we onuň kärdeşleri iň köp maglumat berýän bäş bölegi: kelleçanagyň iki bölegini, aşaky äňiň bir bölegini hem-de boýun oňurgalarynyň iki toplumyny öwrendi. Seljerme derňewiniň we 3D-modelleriň kömegi bilen alymlar haýwanyň uzynlygyny 7,2–7,7 metre barabar diýip hasaplady. Bu häzirki iň uly erkek kosatkalaryň ölçegleri bilen deňdir.

Tapyndylaryň ýaşy kelleçanagyň bölekleriniň birindäki çökündide saklanyp galan suwotularyň mikroskopik galyndylary boýunça kesgitlenildi. Olar 2,6 milliondan 2,1 million ýyl ozalky döwri — gelaz ýarusyny görkezýär. Şeýlelikde, tapylan kosatka pleýstosen döwrüne degişli delfinler maşgalasynyň häzire çenli mälim bolan iň uly wekilidir.

Äňiň gurluşy alymlar üçin aýratyn gyzyklanma döredýär. Haýwanyň uly, çuň we giň ýerleşen diş alweollary bolupdyr, boýun oňurgalary bolsa kellesini arkaýyn hereketlendirip bilendigine şaýatlyk edýär. Şeýle aýratynlyklar iri oljany tutup bilýän we parçalap bilýän ýyrtyjylara mahsusdyr. Şonuň üçin alymlar gadymy kosatkany iri olja awlamaga ýöriteleşen haýwanlara — makroýyrtyjylara degişli edýär.

Onuň haýsy haýwanlar bilen iýmitlenendigini tapylan bölekler boýunça anyklamak mümkin däl. Ýöne awtorlar oljanyň iri delfinler we murtly kitler bolup biljekdigini çaklaýar. Takmynan, şol döwürde Italiýada ýaşan we ozal belli bolan Orcinus citoniensis atly tapylan görnüş ep-esli kiçi — takmynan, 3,5 metr bolup, ystyhanynyň gurluşyna görä, esasan, balyk bilen iýmitlenipdir.

Şonuň üçin alymlar 2 million ýyl ozal kosatkalar balyklar bilen iýmitlenýän kiçiräk jandar bolup, kitleri awlamagy soň öwrenipdirler diýip hasaplaýardy. Täze tapyndylar bolsa eýýäm şol döwürde ummanda iri olja awlaýan ägirt 7 metrlik kosatkalaryň bolandygyny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, barlagçylara Demirgazyk deňzindäki bu ýyrtyjynyň häzirki kosatkalaryň göni ata-babasydygyny ýa-da Orcinus urugynyň häzirlikçe beýan edilmedik aýratyn görnüşidigini kesgitlemek başartmady. Gutarnykly jogap üçin has doly galyndylar zerur.