53 mln ýyl ozal ýaşan tomzaga «Twenty One Pilots» toparynyň ady dakyldy

Düýn, 19:551,420
1 / 3

Ispaniýaly we fransiýaly alymlar, takmynan, 53 million ýyl mundan ozal ýaşap, ýantaryň içinde saklanyp galan tomzagyň täze görnüşini beýan etdi. Fransiýanyň demirgazygynda tapylan bu tomzak meşhur «Twenty One Pilots» amerikan aýdym-saz toparynyň hormatyna atlandyryldy.

Tomzak «Cnopus twentyonepilotorum» diýen ady aldy. Bu mör-möjek Aderidae maşgalasyna degişli bolup, onuň häzirki zaman wekilleri müňe golaý görnüşi öz içine alýar we Antarktidadan başga ähli yklymlarda ýaşaýar.

Ýantar ýurduň demirgazygyndaky Kreý şäheriniň golaýynda ýerleşýän Le-Kenua diýen ýerde tapyldy we Ýewropanyň kaýnozoý erasyna degişli iň gadymy ýantarlaryň biri hasaplanýar. Onda irki eosen döwründe (56 milliondan 47 million ýyl mundan ozalky aralykda) bar bolan ýyly we çygly tokaýyň faunasynyň wekilleri saklanyp galypdyr.

Alymlar Aderidae maşgalasyna degişli tomzaklaryň bu ýantarda öň hem tapylandygyny, ýöne olaryň hiç biriniň öň resmi taýdan beýan edilmändigini aýdýar. Ýantara zyýan ýetirmezden gatan tapyndyny öwrenmek üçin alymlar sinhrotron rentgen mikrotomografiýasyny ulandy we gadymy tomzagyň jikme-jik üç ölçegli modelini döretdi.

Tomzaga amerikaly «Twenty One Pilots» toparynyň hormatyna at dakmak bilen, hünärmenler sazandalaryň psihiki saglyk meseleleri barada habardarlygy ýokarlandyrmaga goşan goşandyny bellemek isledi.