Häzirki döwürde uly ýaşly adamlaryň bedeniniň ortaça temperaturasy, mundan 150 ýyl ozalky görkeziji bilen deňeşdirilende, peseldi. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda bu görkeziji, takmynan, 36,4°C-ä deňdir. Uzak ýyllaryň dowamynda bolsa adam bedeniniň kadaly temperaturasy 37°C hasaplanýardy. Bu barada BBC neşiri habar berýär.
Barlag 190 müňe golaý adamyň gatnaşmagynda geçirilip, 1862–2017-nji ýyllar aralygyndaky maglumatlary öz içine alýar. Alymlaryň kesgitlemegine laýyklykda, amerikan erkekleriniň bedeniniň ortaça temperaturasy bu döwürde tas 0,6 °C peselipdir. Häzirki wagtda uly ýaşly adamlar üçin ortaça kadaly temperatura 36,39°C diýlip hasaplanýar.
Bedeniň kadaly temperaturasynyň 37°C bolandygy baradaky düşünje XIX asyrda nemes lukmany Karl Wunderlihiň geçiren barlaglaryndan soň giňden ýaýrapdyr. Ol 25 müň näsagyň bedeniniň temperaturasyny milliondan gowrak gezek ölçäp, alnan netijeleri seljeripdir. Emma bu netijä şol döwürde ulanylan termometrleriň aýratynlyklarynyň we ölçeg usullarynyň täsir eden bolmagy-da ahmal.
Alymlar beden temperaturasynyň peselmegini, ilkinji nobatda, ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagy bilen baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde adamlar ýokanç keseller we gaýnaglama hadysalary bilen, öňkä garanyňda, seýrek ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýle ýagdaýlar bilen göreşmek üçin beden goşmaça energiýa sarp etmeli bolýar. Mundan başga-da, jaýlarda ýyladyş we howa sowadyjy ulgamlaryň giňden ulanylmagy termoregulýasiýa düşýän agramy azaldýar.
Ölçegleriň taryhy aýratynlyklarynyň mümkin bolan täsirine garamazdan, alymlar adam bedeniniň ortaça temperaturasynyň, hakykatdan-da, peselendigini tassyklaýarlar.